Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy ― 2019: Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygy janköýerleriň sany boýunça ilkinji bäşlikde

21:3711.01.2019
0
3881

Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýän futbol boýunça Aziýa kubogynyň birinji aýlawynda geçirilen 12 duşuşyga jemi 93 müňden gowrak tomaşaçy stadionlarda janköýerlik etdi. Ýekelikdäki sanawda bolsa stadiona gelen janköýerleriň sany boýunça Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygy ilkinji bäşlikde.

Özbegistanyň championat.asia saýtynyň habar bermegine görä, birinji aýlawyň iň köp janköýer toplan bilen duşuşygy BAE bilen Bahreýniň arasynda geçirilen açylyş oýny boldy. Bu duşuşyga satdiondan 33 878 janköýer tomaşa etdi. Ikinji orny topardaşlarymyz bolan Özbegistanyň we Omanyň arasyndaky duşuşyk eýeledi. 2:1 hasabynda özbek futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşyga 9 424 janköýer ýygnandy. Sanawyň ilkinji üçlügini Siriýa ― Palestina duşuşygy jemleýär (8 471 tomaşaçy). Dördünji orundaky Katar ― Liwan duşuşygy 7 847 janköýeri stadiona çekip bildi. Biziň milli ýygyndymyzyň Ýaponiýa bilen geçiren duşuşygy bolsa birinji aýlawyň iň köp janköýer ýygnan oýunlarynyň ilkinji bäşligini jemledi. Türkmen futbolçylarynyň Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bilen Abu-Dabi şäheriniň «Al-Nahýan» stadionynda geçiren duşuşygyna 5 725 tomaşaçy geldi.

Tomaşaçylaryň sanawy boýunça birinji aýlawyň sanawy:

BAE ― Bahreýn ― 33 878

Özbegistan ― Oman ― 9424

Siriýa ― Palestina – 8471

Katar – Liwan – 7847

TÜRKMENISTAN – Ýaponiýa – 5725

Eýran – Ýemen – 5301

Saud Arabystany – KHDR – 5075

Awstraliýa – Iordaniýa – 4934

Yrak – Wýetnam – 4779

Tailand – Hindistan – 3250

Koreýa Respublikasy – Filippinler – 3185

Hytaý – Gyrgyzystan – 1839.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň