Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk toplumynda döredijilik bilen meşgullandy

05:1211.01.2019
0
9597

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy.
Türkmen döwletiniň Baştutany özüniň täze şahyrana setirlerini täze ýylyň uly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenjekdigini alamatlandyrýan Rowaç atly taýçanaga bagyşlady. Täze şygyrda şeýle diýilýär:
Rowaç
Rowaçlygy buşlap gelen
Ýyllaryň salamy Rowaç!
Göwünleri hoşlap gelen
Ýollaryň kemaly Rowaç!

Pederleň tagzym-togaby,
Geçmişiň ertä dowamy,
Kişňeýşiň — arşyň owazy,
Kalbymyň senasy, Rowaç!

Säher öwsen ýeller deýin,
Ýaz açylan güller deýin,
Joş uran köňüller deýin,
Sen ylham derýasy, Rowaç!

Ýyldyz syçradyp toýnagyň,
Beze sen türkmen toýlaryn.
Menzile ýetir arzuwym,
Bagtymyň seýrany Rowaç!

Nury-şuglasyň Güneşden,
Zyýatsyň altyn-kümüşden.
Serpaýyň ýetsin ýeňişden,
Döwrümiň döwrany Rowaç!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň