Soňky habarlar

Arhiw

Indi goňşy döwletlerden demir ýoluň üsti bilen getirilýän ýükler barada maglumat alyp bolýar

20:1528.12.2018
0
2565

Ýakynda ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aragatnaşyk ministrligine degişli «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde «Aragatnaşyk arkaly kämilleşdirilen habar beriş merkezi» atly täze hyzmaty ýola goýdy. Bu hyzmatdan häzirki wagtda söwdagärler, telekeçiler işjeň peýdalanýar.

Ildeşlerimiziň goňşy döwletlerden demir ýoluň üsti bilen ýük wagonlarynda getirýän ýükleri baradaky maglumatlar Demir ýol ulaglary ministrligine geçirilýär.

Müşderä ýörite «0737» belgiden bildiriş ugradylýar. Mysal üçin, «Demir ýol müşderisi! Siziň adyňyza 2 sany ýükli wagonyň Gypjak stansiýasyna 29.12.2018ý. senesinde, takmynan, sagat 08:00-da barjakdygyny mälim edýäris». Bildiriş barandan soň, müşderi öz ýüküni almak üçin haçan ýola düşmelidigini öňünden bilýär. Häzirki wagtda bu hyzmat diňe daşary ýurtlardan gelýän ýükler üçin ýola goýuldy. Sanlyja günlerden şeýle hyzmaty ýurdumyzyň welaýatlaryna iberilýän ýükler üçin hem ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Täze hyzmatlaryň hatarynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän şypahanalarda demir ýol petekleri satylýan kassalaryň işiniň ýola goýlandygyny hem aýtmak gerek. Şypahanalarda petek kassalarynyň işläp başlamagy demir ýol menzilinden uzakda ýaşaýan adamlara döredilen uly ýeňillikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň