Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Katarda halkara ýaryşa gatnaşýar

17:4318.12.2018
0
895

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 19 - 23-nji dekabr aralygynda Kataryň kubogy ugrundaky 5-nji halkara ýaryşa gatnaşar. Ýaryş ýurduň paýtagty Doha şäherinde geçiriler.

Halkara Agyr atletika federasiýasynyň düzgünnamasyna görä, bu ýaryş Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrynyň bir bölegine öwrüler. Hut, şonuň üçin dünýä döwletlerinden oňa gatnaşmaga isleg ýokary derejede boldy. Kataryň kubogy ugrundaky halkara ýaryşda biziň ýurdumyza dünýäniň wise-çempionlary Ýulduz Jumabaýewa (49 kilogram), Kristina Şermetowa (55 kilogram), Rejepbaý Rejebow (81 kilogram) we Maksat Meredow (73 kilogram), Öwez Öwezow (102 kilogram), Hojamuhammet Toýçyýew (+109 kilogram) dagylar wekilçilik eder.

Ýeri gelende, tamamlanyp barýan ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň Aşgabatda geçirilendigini we onda türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň kümüş medala mynasyp bolandygyny ýatlatmak isleýäris. Ýylyň ýakymly wakalarynyň arasynda geçen ýyl dünýäniň wise-çempiony bolan Kristina Şermetowanyň Jakarta şäherinde geçirilen Tomusky Aziýa oýunlaryndaky kümüş medalyny hem ýatlap bileris. Dohadaky üstünlikli çykyşlar biziň türgenlerimiziň Ýaponiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini artdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň