Soňky habarlar

Arhiw

“Talyp sport” - Bitaraplyk kubogynyň eýesi

17:4312.12.2018
0
1657

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň futzal toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň Bitaraplyk kubogy ugrundaky milli ýaryş geçirildi. Oňa toparlaryň 10-sy gatnaşdy.

Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, birinji tapgyrda toparlar üç toparçada ýaryşdylar. Şeýlelikde, “A” toparçany dört, “B” hem-de “Ç” toparçany üç topar emele getirdi. Özara ýaryşlaryň netijesinde “A” toparçada ilkinji iki orny eýelän we “B”, “Ç” toparçalarda ýeňiji bolan toparlar ýarym finala çykdylar. Ýarym final duşuşyklary bolsa kubok ugrunda we üçünji orun üçin göreşjekleri kesgitledi.

Her biri dartgynly häsiýete eýe bolan duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň Milli sport we syýýahatçylyk institutynyň “Talyp sport” topary bilen Içeri işler ministrliginiň “Nesil” topary finala çykdy. Üçünji orun ugrunda bolsa Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag”, Döwlet migrasiýa gullugynyň “Migrasiýa” toparlary göreşdi.

Üçünji orun ugrundaky duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Jerime urgularynyň netijesinde bolsa “Köpetdag” 4:3 hasaby bilen üstün çykyp, ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy. “Talyp sport” bilen “Nesiliň” arasyndaky final duşuşygy Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, olar Türkmenistanyň Bitaraplyk kubogynyň eýesi boldular.

Ýaryşyň netijeleri boýunça şahsy baýraklar hem gowşuryldy. “Nesiliň” wekili Çarymyrat Öwezgeldiýew ýaryşyň iň ökde derwezeçisi diýlip yglan edilen bolsa, duşuşyklarda 7 gezek tapwutlanan “Köpetdagyň” oýunçysy Ussat Annamyradowa iň netijeli futzalçy üçin niýetlenen baýrak gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň