Saratow şäherinde türkmen talyplarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirilýär

17:1729.11.2018
0
900

Ýakynda N.P.Ogarew adyndaky Mordowa döwlet uniwersitetinde Russiýada bilim alýan türkmenistanly talyplaryň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryşa badalga berildi. Oňa ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlardan ybarat toparlaryň 10-sy gatnaşdy. Soňky ýyllarda asylly däbe öwrülen bu ýaryş indi dokuzynjy gezek geçirilýär - diýip, “ORIENT” habarlar agentligi ýazýar.
Şu gezekki ýaryş 2018-nji ýylyň Türkmenistanda “Türkmenistan - Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Ýaryşyň dowamynda oňa gatnaşyjy toparlaryň surat sergisi hem ýaýbaňlandyrylýar. Sergide “Amul - Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşy öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, bu ýaryş Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistandaky yzlary boýunça geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň