Agyr atletika boýunça dünýä çempionlaryna söz berýäris

19:0507.11.2018
0
1160

«Üçünji çempionlyk ― üçünji Olimpiada»

Ýun Çol Om (KHDR), erkekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony: (Suraty bar)

― Aşgabatda geçirilýän çempionatda ýurdumyň ilkinji medallaryny gazanmak meni çäksiz şatlyga gurşaýar. Bu meniň dördünji gezek gatnaşýan dünýä çempionatymda üçünji çempionlygym. Aşgabat maňa ikinji bir «3-lügi» bagyşlady. Bu çempionatdan soň üçünji gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandym. Şeýle üstünlige ýeten şäherimi hemişe ýakym bilen ýatlaryn.

«Aşgabat arzuwyma ýetirdi»

Eko Ýuli Irewan (Indoneziýa), erkekleriň arasynda 61 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony: (Suraty bar)

― Men 29 ýaşymda. Ýalňyşmasam, Aşgabatdaky çempionatda altyn medal gazanan türgenleriň iň ýaşulysy. Ýyllaryň dowamynda gazanan netijäm medala umytlandyrýardy. Ýöne iki sany dünýä rekordyny goýup bilerin öýdemokdym. Indi bolsa üçünji gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandym. Olimpiadada indi medal gazanyp bilerinmi, bilemok. Ýöne men diňe ýene bir gezek gatnaşmagy arzuw etdim. Aşgabat meni şol arzuwyma ýetirdi.

«Aşgabat — 2018-däki» üstünligim — ýeňişlerimiň naýbaşysy"

Liýun Çen (Hytaý), erkekleriň arasynda 67 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony: (Suraty gitdi)

― Men dünýäniň birnäçe döwletlerindäki ýaryşlara gatynaşdym. Şolaryň içinde sebit we dünýä çempionatlary hem bar. Şu güne çenli 2 gezek dünýä çempiony bolmagy hem başardym. Ýöne «Aşgabat — 2018-däki» üstünligim – ýeňişlerimiň naýbaşysy bor. Bu birinjiden, bu şäher bilen galan ýakymly ýatlamalar bilen bagly bolsa, ikinjiden, bu çempionatda goýan dünýä rekordym bilen baglanyşyklydyr.

«Ýene Aşgabat, ýene altyn, ýene Ýulduz»

 Thunýa Sukçaroen (Tailand), zenanlaryň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempionaty: (Suraty bar)

 ― Soňky iki ýylyň içinde Aşgabada ikinji gezek gelýärin. Geçen ýyl bu ajaýyp şäherde geçirilen Aziýa çempionatynda hem çykyş edip, altyn medal gazandym. Şol çempionatda-da türkmenistanly zehinli türgen Ýulduz Jumabaýewa bilen hormat münberine bilen çykypdyk. Men ýene bir gezek şol pursadyň gaýtalanmasyny başdan geçirýärin. Geçen ýyl men Aziýanyň çempiony edip Watanymza ugradan Aşgabat bu ýyl dünýä çempionyna öwürdi. Özi-de ömrümde ilkinji gezek. Heý, şeýle ajaýyp şäher gözüňe mähriban görünmezmi?

«Ýene bir synanyşyk, ýene bir mümkinçilik»

Çaýuttra Pramongkhol (Tailand), zenanlaryň arasynda 49 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony: (Suraty bar)

― Çempionatda biziň milli ýygyndymyz medal sanawynda öňde barýar. Bu üstünlige iki medal, iki rekord bilen goşant goşmak meni çäksiz begendirýän. Iň begenýän zadym bolsa, 8 ýyldan soň ýene-de Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bir ädim ýakynlaşdym. Ozal dünýäniň iň iri sport ýaryşynda ilkinji üçlüge ýetmäge bir ädim azlyk etdi: Olimpiadany dördünji orunda tamamladym. Diýmek, ýene bir synanyşyk, ýene bir mümkinçilik... Köp sag bol, Aşgabat!

«Dördünji çempionatda altyn»

         Sukanýa Srisurat (Tailand), zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony: (Suraty bar)

         ― Menden «Näme üçin ilkinji synagyňda ozalky rekorddan hem agyr agramlygy buýurdyň?» diýip soraýarlar. Ynanyň, men dünýä çempiony bolmagy şeýle bir isledim, geçen bir ýylyň dowamynda diňe şony arzuw etdim diýsemem ýalňyş däl. Häzirki wagta çenli üç gezek dünýä çempionatyna gatnaşdym, ýöne birinde-de çempion bolmak nesip etmedi. Bu gezek bolsa arzyly çempionlyga gowuşdym. Ynam ― üstünligiň gözbaşy. Ynansaň, bolýan eken.

«Has uly üstünlige ýetjek bolsaň...»

Hsing-Çun Huo (Hytaý Taýpeýi), zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony: (Şu gün bolan ikinji wruçeniýa, suraty entek ýok)

         ― Men «Has uly üstünlige ýetjek bolsaň, ähli kynçylyklaryň hötdesinden gel!» diýen ýörelgä eýerýärin. Şu ýörelge hem meni ilkinji gatnaşan dünýä çempionatymda (2011-nji ýyl) 10-njy orny eýelemekden bu gün dünýä çempiony bolmaklyga çenli alyp geldi. Olimpiadalaryň ikisine gatnaşdym, bir sany bürünç medalym bar. Belki, şu altyn öz şöhlesini Olimpiýa oýunlaryna hem saçar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň