Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek! Hormat münberinde 7 adam

14:4707.11.2018
0
1131

Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, sözüň doly manysynda, täze rekordlaryň sport baýramçlygyna öwrüldi. Düýn erkekleriň arasynda 89 kilogram agram derejesinde çempionatyň ýene bir täsinligi bolup geçdi. Güýçleriň, esasan, deňeçerligi bilen geçen ýaryşlaryň soňunda hormat münberine 7 türgen çykdy. Bu bolsa şu çempionatda iň kän türgene medal gowşurylan agram derejesidir. 

Russiýaly Artýom Okulowyň çempionlygy bilen tamamlanan ýaryşda haýran galdyryjy netijeleriň ýene-de biri birinji we altynjy orundaky türgenleriň arasynda bary-ýogy 3 kilogramlyk tapawudyň bardygydyr. 

Täsin netijeleriň ýaryşynda Ermenistandan Hakob Mkrtçýanyň görkezijisi ilkinji nobatda üns çekilmeli netijeleriň biri. Ştangany itekläp götermekde 205 kilogram netije görkezip, şol görnüşiň kümüş medalyny eýelän türgene umumy netije-de hormat münberine çykmak üçin silterläp götermekdäki pes netijesi päsgel berdi. Çünki ol ýaryşyň birinji görnüşi boýunça diňe 160 kilogram agyrlykdaky ştangany götermegi başarypdy. Bu bolsa onuň iki görnüşiň jemi boýunça 365 kilogram netije bilen 7-nji orna düşmegine sebäp boldy.

Silterläp götermek boýunça sekizinji orna düşen russiýaly Artýom Okulow itekläp götermekde 206 kilogram agramlygy göterip, çempionatda her dürli täsinlige garaşaýmalydygyny ýene bir ýola görkezdi. Tersine, silterläp götermekde iň ýokary netijäni görkezen belarusly Pawel Kadasewiç (169 kg) itekläp götermekde diňe altynjy orna düşüp bildi (202 kilogram).

"Aslynda, maksadym üç altyn medaldy. Ýöne şolaryň ikisini gazanyp bilenligim üçin hem şatlygymyň çägi ýok. Çünki garşydaşlarym juda güýçli" diýip, Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynda dünýä çempiony Artýom Okulowyň aýdan sözleri getirilýär.

Şu agram derejesinde horman münberine çykan türgenleriň arasynda gruziýaly Rewaz Dawitadze, wenesuellaly Keýdomar Sançes, çilili Arleý Mendez Perez we kolumbiýaly Jhor Esneider Moreno Torres dagylar hem bar.

Ýiti bäsdeşlik Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukugy artdyrýan çempionatyň ähmiýetini ýene bir ýola açyp görkezýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň