Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti täze polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

12:1017.10.2018
0
12184

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawodynyň — polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabara ýygnananlaryň öňünde çykyş eden döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly,  Gyýanly şäherçesinde gurlup, ulanmaga berilýän polietilen we polipropilen öndürýän şu gazhimiýa toplumy hem bu aýdylanlara ýene-de bir aýdyň mysaldyr, onuň düýbi 2014-nji ýylyň 22-nji aprelinde tutuldy.

Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan hem köp bolan bu iri maýa goýum taslamasy «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.

Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndüriler. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylar.

Bir müňden hem gowrak adam işlejek täze kärhana üçin hünärmenler daşary ýurtlarda we özümizde taýýarlandy. Olaryň netijeli zähmet çekmegi, talabalaýyk dynç almagy üçin hem zawodda ähli zerur şertler döredildi. Bu ýerde naharhana, sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zal we meýdançalar bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly döwrebap kärhanany gurmaga gatnaşan ähli hünärmenlere we gurluşykçylara, şeýle hem ýapon we koreý kompaniýalarynyň wekillerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyndan soň söz alan Ýulius Kun adyndaky institutyň (Germaniýa) wekili, agronomçylyk we bagbançylyk ylymlarynyň doktory hanym Margit Oll Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň Ýulius Kun adyndaky institut tarapyndan ýokary tehnologiýaly innowasion kärhana diýlip ykrar edilendigini belläp, sebit möçberindäki bu ähmiýetli taslamany amala aşyrmaga gatnaşanlaryň hemmesini işiň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene bir gezek gutlap, polimer zawodynyň ýolbaşçysyna güwänamany we degişli nyşany gowşurdy.

Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň (“Environmental health trust” (ABŞ) uly geňeşçisi jenap Robert Dýubua Morris, öz nobatynda, polimer zawodynyň ýolbaşçysyna desganyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamany we degişli nyşany gowşurdy.

Soňra Paul Şerrer ylmy-barlag institutynyň Energetika departamentiniň (Şweýsariýa) ýolbaşçysy, professor, doktor jenap Urs Weýdmanna söz sözläp, Türkmenistanyň Baştutanyny innowasion energetika taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutlap, polimer zawodynyň ýolbaşçysyna “Durnuklylyk we netijelilik” diýen güwänamany we degişli nyşany gowşurdy.

Soňra ýygnananlara ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleri, üstünlikleri we ýeten sepgitleri bilen gysgaça tanyşdyrýan wideofilm görkezildi, ol panoramaly ekranda, 360 gradus görnüşde, ýörite täsirleri we lazer tehnikalaryny peýdalanmak bilen görkezildi.

Soňra umumy el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basmak arkaly polimer zawodyny işe girizýär.

Monitorlarda täze kärhana we polietilen hem-de polipropilen önümçiligi barada gürrüň berýän wideofilm görkezilýär, bu film hem ýörite wideotehnikalar arkaly surata düşürildi.

Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Üçtaraplaýyn şertnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.

Zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Onuň düzüminde 4 sany esasy tehnologik desgalar: gazy bölüji, etany gaýtadan işleýän, polietilen we polipropilen öndürýän bölümler bar. Ähli tehnologik işler awtomatlaşdyrylyp, merkezleşdirilen görnüşde dolandyrylýar.

Ýeri gelende aýtsak, zawodda Türkmenistan üçin täze önümiň — ýokary dykyzlykdaky polietileniň önümçiligi özleşdirildi. Ol pes basyşda etileniň polimerleşdirilmegi netijesinde alynýar. Şunda InnovenetmS, tehnologiýasy ulanylýar. Ol dünýäde giňden ýaýran nebit we gazhimiýa senagatynyň üçlügine girýär. Lisenziýa “INEOS Technologies” (Beýik Britaniýa) — iri halkara korporasiýasy tarapyndan berildi, onuň düzümine “BP”, “ICI” we “BASF” ýaly ägirtlerden satyn alnan himiýa kärhanalary girýär. Umuman, bu Merkezi Aziýada “INEOS Technologies” korporasiýasyndan satyn alnan ilkinji InnovenetmS lisenziýasy bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamed zawodyň işleýşi bilen tanşyp, bölümleriň birnäçesine baryp gördi.

Döwlet Baştutanymyz bu önümçilik bilen tanyşlykdan soňra, Hormatly myhmanlaryň kitabynda şu günki waka barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şeýle hem bu ýerde, gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawody taslama kuwwatlylygyna çykarmak hem-de beýleki käbir bilelikdäki taslamalary, şol sanda Aşgabatda Halkara bejeriş-kosmetologiýa merkeziniň gurluşygyny ilerletmek boýunça işleriň barşy hakynda habar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek boýunça ýowara gatnaşdy.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip, paýtagtymyza ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň