Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly medeniýet işgärleri Duşenbede gadyrly garşylanyldy

23:5514.10.2018
0
5787

Duşenbe, 14-nji oktýabr. Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Täjigistan Respublikasyna geldi.

Gadyrly myhmanlar üçin demir ýol menzilinde dabaraly duşuşyk guraldy — Täjigistanyň döredijilik toparlary myhmanlary milli aýdym-sazlary bilen garşyladylar. Şeýle hem bu ýerde iki ýurduň tans toparlary çykyş etdiler. Çykyşlar küştdepdi milli tansy bilen jemlendi.

Täjigistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň resmi taýdan açylyş dabarasy 15-nji oktýabrda bolar. Duşenbelilere we paýtagtyň myhmanlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, muzeý gymmatlyklarynyň we kitap önümleriniň sergisi, wekiliýetiň agzalarynyň Täjigistanyň döredijilik işgärleri bilen duşuşygy, şeýle hem teatr çykyşy we uly konsert garaşýar.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti, ruhy gymmatlyklary doganlyk halklary has-da ýakynlaşdyrmaga, olaryň özara düşünişmegini berkitmäge ýardam edýän möhüm ýagdaý bolup durýar.

Soňky ýyllar ynsanperwer ulgamda hem türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine beslendi. Iki ýurduň döredijilik işgärleri iki döwletiň şanly senelerine bagyşlanan çäreleriň geçirilmegine gatnaşýarlar, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary, çeper sergiler guralýar.

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan häzirki medeni çäre iki halkyň däbe öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir, munuň özi sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga ýardam eder. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda halklarymyzyň has-da gülläp ösmegi üçin medeniýet we sungat ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli syýasatlary üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň