Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2018 — 2019-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze mekdepler açyldy

23:4101.09.2018
0
8891

Ýetip gelen täze okuw ýyly mynasybetli Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Börme obasynda 620 orunlyk, Kaka etrabynyň Kaka şäherinde 1106 orunlyk hem-de Duşak şäherçesinde 1050 orunlyk mekdep, Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinde 600 orunlyk mekdep hem-de Serdar etrabynda 240 orunlyk mekdep, Serdar şäherinde bolsa 1170 orunlyk mekdep okuwçylar üçin gapylaryny giňden açdy. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Bilal obasynda 320 orunlyk we Köýtendag etrabynyň Ters obasynda 320 orunlyk mekdepler açyldy, Döwletli etrabynyň Tallymerjen obasynda bolsa 90 orunlyk täze çagalar bagy körpeleri gujak açyp garşylady.
Täze binalaryň açylmagy uly baýramçylyga öwrüldi, döredijilik toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Işde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň