Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” we “Winçi” kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

02:2631.08.2018
0
9208

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz fran­suz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny — “Si­fal” to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy we baş di­rek­to­ry Žil Re­mi­ni hem-de “Win­çi Konst­ruks­ýon Gran Pro­že” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we baş di­rek­to­ry Alen Bon­no­ny ka­bul et­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bi­le­lik­de iş­le­me­giň top­la­nan oňyn tej­ri­be­si­ni na­za­ra alyp, hyz­mat­daş­lyk et­me­giň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Myh­man­lar köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak hem-de ony has-da ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bel­läp, şu­nuň ýa­ly oňyn gat­na­şyk­la­ryň di­ňe türk­men Li­de­ri­niň ynam­ly alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si ne­ti­je­sin­de müm­kin bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Şol ýö­rel­gä­niň mö­hüm ug­ry Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­den yba­rat­dyr.

Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my, ulag-ara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri, gur­lu­şyk pu­da­gy işe­wür gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de ag­zal­dy. Işe­wür­ler mil­li we se­bit äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge mun­dan beý­läk-de iş­jeň gat­naş­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­lap, bir­nä­çe anyk tek­lip­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fran­suz hyz­mat­daş­la­ryň gat­na­şyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­len işe­wür çe­me­leş­me­le­ri­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, ony ös­dür­mek üçin Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li tas­la­ma­lar we mak­sat­na­ma­lar ba­bat­da giň göz­ýe­tim­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol mak­sat­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da önüm­çi­lik we ulag dü­züm­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­my bar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da hil öl­çeg­le­ri­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ne we iş­le­riň şert­na­ma­da bel­le­nen möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň