Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirilýär

10:1824.08.2018
0
5019

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçirilýär.
Bu ýokary derejedäki Sammitde geljekde Aral deňziniň basseýninde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyna, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça maksatnamanyň (ADSM-4) baş ýörelgesiniň taslamasyna, şeýle hem BMG-niň Aral deňziniň basseýni baradaky ýörite maksatnamasynyň baş ýörelgesiniň taslamasy ýaly meselelere seredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň