Soňky habarlar

Arhiw

Giňişleýin düzümdäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri geçirildi

22:1623.08.2018
0
3115

Giňişleýin düzümdäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri “Oguzhan” köşkler toplumynyň “Soltan Sanjar” zalynda geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýyna baha bermek bilen, olaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar babatda netijeli we oňyn häsiýete eýedigini belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň dünýä giňişliginde eýeleýän orny, halkara gatnaşyklary, energiýa howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, Owganystandaky ýagdaý, TOPH gaz geçirijisi, Araly halas etmek, söwda-ykdysady gatnaşyklar we beýleki meseleler türkmen Lideriniň çykyşynyň özenini düzdi. 
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti öz gezeginde biziň halklarymyzyň umumy gymmatlyklarynyň, taryhy, medeni-ruhy kökleriniň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyzyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky ýygjam we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada aýdanlaryny goldaýandygyny belledi. Gyrgyzystanyň wekilçilikli toparynyň bu duşuşyga gatnaşmagy Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlyga biziň döwletimiziň taýýardygyny äşgär edýär diýip, myhman nygtady.
Ikiçäk görnüşde we birek-birege ynanyşmak hem-de netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, Sooronbaý Žeenbekow milli Liderimize ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň çözgüdine bolan işewür çemeleşmeleri üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşinde eýeleýän ornuny belläp, myhman ýurduň içeri we daşary syýasatda ägirt uly üstünlikleri gazanýandygyny aýtdy.
Prezident Sooronbaý Žeenbekow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň