Soňky habarlar

Arhiw

«Bengaluru» — «Altyn asyr» duşuşygyna ýaponiýaly hünärmenler eminlik eder

19:2820.08.2018
0
3344

FIFA-nyň emini Iida Dzýumpeýiniň ýolbaşçylygyndaky ýaponiýaly eminler topary ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyryň” AFK-nyň Kubogy 2018-iň sebitleýin ýarym finalyndaky birinji duşuşygynda eminlik ederler. 22-nji awgustda Hindistanda “Altyn Asyryň” ýerli “Bengaluru” bilen geçirjek duşuşygynda Iida Dzýumpeýiniň kömekçileri hökmünde Ýamauçi Hiroşi bilen Oşi Şiinji çykyş ederler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Ýamamoto Ýudai ýerine ýetirer.  
Bu duşuşygyň gözegçi emini Awni Abdel Karim Said Hassanueh (Iordaniýa), duşuşygyň komissary eýranly Hamed Momeniruşi bolar.
Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň Interzolagynyň ýarymfinalynda “Bengaluru” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky birinji duşuşyk 22-nji awgustda Bengaluru şäheriniň “Sree Kanteerava” stadionynda, 29-njy awgustda bolsa Aşgabadyň “Köpetdag” stadionynda geçiriler.
Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň