Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

04:4807.08.2018
0
9079

6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de baýramçylyklara we şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.
Iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň ilatynyň 1 million adamdan agandygyny aýtdy hem-de Aşgabadyň dolandyryş çäklerini gowulandyrmak hakyndaky teklibi milletiň Lideriniň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň dolandyryş çäklerini kämilleşdirmegiň şäheriň ilatynyň sanynyň artmagy hem-de adamlar üçin amatly durmuş şertleriniň döredilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyp, bu baradaky başlangyjy makullady. Döwlet Baştutany şu meseläniň örän wajypdygyny belläp, teklibi Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberdi.
Milletiň Lideri paýtagtymyzda täze etrabyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy hem-de bu babatda degişli işleri alyp barmak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra iş maslahaty welaýat häkimleriniň hasabatlary bilen dowam etdi. Olar, esasan, sebitlerde işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna hem-de güýzlük galla ekişine guramaçylykly başlamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, Şeýle hem şu ýylyň ýedi aýynda Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň jemleri, ýerlede dowam edýän gurluşyk işleri hakynda hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ähli oba hojalyk tehnikalaryny — kombaýnlary, traktorlary, awtoulaglary we gurallary, pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalary möwsüme taýýarlamak işlerini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Döwlet Baştutany bugdaý ekişine taýýarlyk görmek barada aýdyp, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini gysga wagtda tamamlamak üçin zerur çäreleri görmegiň, ýokary hasylly tohumlary ekiş möwsümine doly taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.
Milletiň Lideri Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmek barada häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, häkimleriň ünsüni şolaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň maksada laýyk özleşdirilmelidigine çekdi hem-de häkimden alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýyny seljermegi hem-de welaýatlarda gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek üçin çäreleri görmegi talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň