Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň nyşany tassyklanyldy

17:4428.07.2018
0
11240

Halkara agyr atletika federasiýasy, ýurdumyzyň degişli ministrlikleridir pudaklaýyn edaralary bilen birlikde şu ýylyň oktýabr — noýabr aýlarynyň sepgidinde Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek babatynda birnäçe işleri alyp barýar. Ýakynda IWF-niň resmi saýtynda Aşgabat çempionatynyň resmi nyşany tanyşdyryldy.

“Belli Creative Studio” dizaýn agentliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen nyşanyň merkezinde ştangany dik ýokary göterip duran türgen şekillendilipdir. Şekildäki ýaşyl hem-de gyzyl reňklerde milli aýratynlyklarymyza üns jemlenipdir. Mysal üçin, şekiliň gyzyl reňkli bölüminde türkmen halylarynyň gölleriniň ýerleşdirilendigine aýratyn ünsi çekip bolar. Şekiliň çep tarapynda altynsow reňk bilen “Ashgabat 2018” diýen ýazgy owadan şekilde ýerleşdirilipdir. Onuň aşak tarapynda bolsa çempionatyň iňlis dilindäki ady bar.

Nyşany işläp düzüjileriň ýerli hünärmenlerimizdigini aýratyn nygtamak isleýäris. Bu dizaýn agentliginiň hünärmenleri mundan ozal Aşgabat Aziadasynyň hem-de Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň nyşanlaryny taýýarlamaga hem gatnaşypdylar.

­— Nyşanyň dizaýny işlenip düzülende, onda, esasan, ýagty reňkleriň bolmagyna ünsi çekdik. Şol bir wagtyň özünde-de ol göze gelüwli bolmalydyr. Biz onda sportuň ruhuny we türkmen halkyna mahsus aýratynlyklary jemläp bildikmikäk diýip pikir edýäris — diýip, “Belli Creative Studio” dizaýn agentliginiň hünärmenleri Aşgabatda geçiriljek Dünýä çempionatynyň nyşany barada gürrüň berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň