Soňky habarlar

Arhiw

FIFA-nyň Dünýä çempionaty — 2018-iň iň gowy düzüminde Neýmar bilen Paulinýo-da bar

18:0521.07.2018
0
3704

Birnäçe neşirlerdir guramalardan soňra, Dünýä çempionatyny esasy gurnaýjy halkara gurama bolan FIFA hem öz öňe çykaran esasy düzümini yglan etdi. Düzümde ýaryşdan has ir çykan Braziliýanyň düzüminden hem iki futbolçynyň bolmagy haýran galdyrýar. Şu habar bilen ugurdaş suratdan hem görşäňiz ýaly, olar Neýmar bilen Paulinýodyr.

FIFA-nyň «11-liginiň» derwezesi Fransiýanyň derwezewany Lorise «ynanylypdyr». 4-3-3 düzümiň goragynda bolsa angliýaly Ýang bilen Trippe, horwatiýaly Lowren we fransiýaly Waran bar.

Meýdanyň ortasynda braziliýaly Paulinýodan başga-da, Fransiýadan Grizmann we ýaryşyň altyn pökgüsiniň eýesi — horwat Modriç bar.

Hüjümiň çep ganaty Neýmara, sag ganaty bolsa belgiýaly Azara berlipdir. Hüjümiň merkezi bolsa çempionatyň iň gowy ýaş oýunçysy fransiýaly Mbappe «ynanylypdyr».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň