Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2018: "Altyn asyr" üç duşuşykdan soň ýeňiş gazandy

11:1514.06.2018
0
1241

«Üçden soň...»
Il içindäki aýtgyda: «üçden soň puçdugy» aýdylýan hem bolsa, futbol çempioantymyzyň bassyr dört ýylky çempiony «Altyn asyr» üçin bu söz gowy tarapa özgerdi. Soňky üç duşuşygynyň ikisinde utulyp, birinde-de deňme-deň oýnap, 8 utuk ýitiren «aragatnaşykçylar» üç şowsuzlykdan soň ahyr ýeňiş gazandylar. Bu ýeňiş Ýokary liganyň 11-nji tapgyrynyň galdyrylan duşuşygynda gazanyldy.
Okyjylarymyza maglumat hökmünde ýatlatsak, 11-nji tapgyryň ozal geçirilen iki duşuşygynyň hersinde bir pökgi derwezä girizilipdi. Şeýlelikde, «Köpetdag» myhmançylykda «Energetigi», «Aşgabat» bolsa öz meýdanynda «Merwi» şol bir hasap — 1:0 hasaby bilen ýeňipdi. Bu gezek welin, janköýerler iki duşuşykda 5 pökginiň tora girmegine şaýat boldular.
Tapgyryň galdyrylan duşuşyklary düýn geçirildi. Ikisi-de Balkan welaýatynda bolan duşuşyklaryň birinde «Balkan» «Altyn asyry», «Şagadam» bolsa «Ahaly» kabul etdi.
Ikinji aýlawyň iň soňky tapgyrynda myhmançylykda «Köpetdagy» ýeňip ruhlanan «Balkanyň» «ýyndamlygy» «Altyn asyra» çenli boldy. Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda «nebitçiler» myhmanlardan 0:3 hasabynda asgyn geldiler. «Altyn asyryň» pökgülerini 1-nji minutda Mekan Aşyrow, 21-nji hem-de 72-nji minutlarda Mihail Titow geçirdi. Daşoguzly emin Alibek Sapaýew bu duşuşykda üç futbolça sary duýduryş kartyny görkezmeli boldy.
Soňky tapgyrlaryň üstünlikli çykyş edýän topary bolan «Şagadm» bolsa öz meýdanynda «Ahal» bilen duşuşyp, ýeňiş tapgyryny dowam etdirip bilmedi. Möwsümiň başynda AFK-nyň kubogynda tejribe toplan Röwşen Meredowyň şägirtleri ýer eýelerini jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňdiler. Pökgüleri 21-nji minutda Orazberdi Myradow, 70-nji minutda Merdan Gurbanow geçirdi. Duşuşyga Aşgabat şäherinden Begenç Allaberdiýew eminlik etdi.
Bu duşuşyklardan soňra, «Ahal» möwsümde 30 tuk toplan bilen ilkinji topar boldy. «Altyn asyr» bolsa utugyny 26-a çykaryp, ýaryş tertibiniň ikinji ornuna geçdi. 16-njy iýunda çempionatymyz 3-nji hem-de 5-nji tapgyrlaryň galdyrylan duşuşyklary bilen dowam eder. Ýene-de iki duşuşyk hem Balkan welaýatynda bolar. Ýöne bu gezek «Şagadam» «Altyn asyry», «Balkan» bolsa «Ahaly» kabul eder. «Şagadamyň» «aragatnaşykçylary» ýakynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda hem ýeňendigini nazarda tutsak, şu duşuşyga aýratyn ünsüň çekilmelidigi öz-özünden düşnükli. Eger «Şagadam» bu üstünligini ýene-de gaýtalap bilse, çempionatyň ýarysyny ikinji orunda tamamlamaga mümkinçilik alar. Ýok, eger tersine bolsa ýa duşuşyk deňlik bilen tamamlansa, ýaryş tertibi öňki ýaly galyp biler. Ýaryşyň iň soňky ornunda barýandygyna garamazdan, «Balkan» hem öz meýdanynda «Ahala» güçli gaýtawul berip biler.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň