Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanowyň goly Özbegistanyň futbol çempionatynda maý aýynyň iň owadan goly saýlanyldy

00:0813.06.2018
0
2142

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem-de Özbegistanyň "Buhoro" futbol toparynyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanowyň Superliganyň 11-nji tapgyrynda "Lokomotiw" toparynyň derwezesinden geçiren goly Özbegistanda maý aýynyň iň owadan goly diýlip hasap edildi.

Ýeňijini Özbegistanyň Profesional futbol ligasy bilen Championat.asia saýty bilelikde saýladylar. Geçirilen ses berlişige toparlaryň baş tälimçileri we kapitanlary gatnaşdylar. Arslanmyrat Amanowyň birinji orna mynasyp görlen goly 38 ses aldy. Arslanmyrat Amanowyň geçirýän gollarynyň bassyr ikinji gezek aýyň iň gowy goly saýlanylmagy türkmenistanly legioneriň goňşy döwletde ajaýyp oýny orta goýýandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň