Soňky habarlar

Arhiw

11-nji tapgyryň galdyrylan duşuşyklary Balkan welaýatynda geçiriler

23:5212.06.2018
0
967

Futbol çempionatymyzyň Ýokary ligasynda iki aýlaw tamamlanyp, meýilnama boýunça toparlar arakesmä çykan hem bolsalar, şu ýyl AFK-nyň kubogynda ýurdumyzyň sport abraýyny goraýan “Ahaldyr” “Altyn asyryň” galdyrylan duşuşyklarynyň geçirilmegi dowam edýär. Şu gün hem çempionatyä 11-nji tapgyrynyň galdyrylan iki duşuşygy geçiriler. Olaryň ikisi hem Balkan welaýatynyň şäherlerinde bolar. Düýn TFF duşuşyklaryň geçiriljek ýerini, wagtyny we eminleri kesgitledi. TFF-den berilýän maglumatlar şeýle:

13.06.2018 (çarşenbe)

“Şagadam” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 18:30

Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Batyr Urazsahatow (Aşgabat ş.)

 

“Balkan” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Başlanýan wagty: 18:30

Duşuşygyň emini: Alibek Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: Bahtiýar Atajanow (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň