Dünýä kubogy — 2018-den habarlar 12.06.2018

23:3412.06.2018
0
2420

— Dünýä belli ESPn neşirine görä, Russiýada geçiriljek Futbol boýunça Dünýä kubogynyň nusgalyk düzümi:

Derwezeçi — De Hea (Ispaniýa); goragçylar — Marselo (Braziliýa), Ramos (Ispaniýa), Hummels (Germaniýa), Kimmih (Germaniýa); ýarym goragçylar — Kante (Fransiýa), Kroos (Germaniýa), De Brýuýne (Belgiýa); hüjümçiler — Messi (Argentina), Lewandowskiý (Polşa), Ronaldo (Portugaliýa).

Baş tälimçi: Löw (Germaniýa).

 

— Çempionatyň başlanmagyna 5 gün galanda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy Russiýa Federasiýasyna geldi. Ilkinji duşuşygyny 14-nji iýunda Moskwada geçirjek milli ýygyndy oýa çenli Sankt-Peterburg şäherinde dynç alar.

 

— Dünýä kubogynyň esasy dalaşgärleriniň biri bolan Argentinanyň milli ýygyndysy hem Russiýa geldi. Argentin futbolçylaryny alyp gelen uçar Žukowskidäki halkara howa menziline gondy. Milli ýygyndy Bronnisdäki bazada dynç alar we duşuşyklara türgenleşer.

Argentinanyň milli ýygyndysy mundialyň toparçalaýyn tapgyrynda 16-njy iýunda Moskwa şäherinde Islandiýanyň, 21-nji iýunda Nižniý Nowgorodda Horwatiýanyň, 26-njy iýunda Sankt-Peterburgda Nigeriýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

 

— Islandiýanyň futbol ýygyndysynyň tälimçiler we futbolçylar düzümi hem Russiýa Federasiýasyna geldi. Islandiýalylar ýaryşyň dowamynda ýaşamak üçin Gelenjigi saýlap aldylar. Türgenleşikler bu ýerdäki «Olimp» stadionynda alnyp barylýar.

Islandiýanyň ýygyndysy Dünýä kubogynda Argentinanyň, Horwatiýanyň we Nigeriýanyň futbolçylary bilen toparçadan çykmak üçin göreşerler.

 

— Russiýa gelen milli ýygyndylaryň arasynda Marokkanyň ýygyndysy hem bar. Milli ýygyndyny rus topragyna alyp gelen uçar Woronež şäherindäki howa menziline gondy. Erwe Renaryň ýolbaşçylygyndaky afrikaly futbolçylar Portugaliýanyň, Ispaniýanyň we Eýranyň ýygyndylary bilen bir toparçada çykyş ederler.

 

— Angliýanyň «Mançester Siti» futbol klubynyň goragçysy Jon Stounz topardaşy Leroý Saneniň Germaniýanyň milli ýygyndysyna çagyrylmazlygy baradaky pikirini beýän etdi:

— Leroý — dünýä derejesindäki futbolçy. Onuň Dünýä kubogyna gatnaşyp bilmeýändigi üçin uly ahmyr edýändigine ynanýaryn. Onuň düzümde bolmazlygy bolsa milli ýygyndy üçin uly ýitgidir.

 

— Belgiýanyň ýarym goragçysy Kewin de Brýuýne ýakynda metbugata beren interwýusynda Dünýä kubogy barada şeýle diýdi:

— Kubok hemmä gerek. Dünýä çempionatyna 32 ýygyndy gatnaşýar. Azyndan, şolaryň 15-sini Kubok üçin dalaşgär görkezip bolar. Emma ýakynda şol 15-iň 14-si Kuboga ýetip bilmändigi üçin gynanmaly bolar. Ýaryşyň şerti şeýle. Ähli milli ýygyndylar dünýä çempionatyna güýçli taýýarlyk gördüler. Her ýygyndy iň gowy futbolçylary getirdi. Olaryň ählisini ruhy birlik birleşdirýär.

 

— Ispaniýanyň ýygyndysy 7-nji iýunda Krasnodar şäherine geldi. Olar Tunis bilen boljak ilkinji duşuşygyň türgenleşiklerine girişdiler. Türgenleşigiň bir bölegi janköýerler üçin açyk şekilde geçirilen hem bolsa, bir bölegi ýapyk görnüşde geçirildi. Şeýle-de bolsa, internetde janköýerleriň bu türgenleşigi diwaryň ýokarsyndandyr aşagyndan synlamaga edilen synanşyklaryň suratlary ýaýrady.

 

— «Transfermarket» portaly dünýä çempionatynyň iň gymmat we iň arzan futbolçylaryny aýan etdi. Iň gymmat futbolçylar Messi bilen Neýmardyr. Olaryň her haýsy 180 million dollar baha eýe. Iň arzan futbolçy bolsa 25 müň ýewro bahasy bolan Sergeý Ignaşewiçdir.

 

— Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Habi Alonso FIFA-nyň resmi saýtyna beren interwýusynda dünýä çempionaty baradaky pikirlerini aýtdy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň häzirki baş tälimçisi Lopteginiň işine ýokary baha beren ýyldyz häzir düzümiň 2010-njy ýylda çempion bolan düzümiň oýnuna meňzeş oýun alyp barýandygyna hem ünsi çekdi. Şeýle hem ol dünýä çempionatyna gatnaşýan hiç bir ýygyndynyň hem ispan futbolçylaryndan güýçli däldigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol Braziliýanyň, Germaniýanyň, Argentinanyň we Fransiýanyň ýygyndylaryny kubogyň esasy dalaşgärleriniň arasynda görkezdi.

 

— «Milanyň» we Italiýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Leonardo Bonuççiniň pikirine görä, dünýä çempionatyna arzyly Kuboga Argentinanyň ýygyndysy mynasyp bolar. Argentin futbolçylary bu Kubogy soňky gezek 1986-njy ýylda eýeläp görüpdiler.

 

— Müsriň futbol ýygyndysy Russiýa geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýakynda Groznyý şäheriniň howa menziline geldi. Olaryň ilçihananyň wekilleri, Russiýanyň birnäçe ýolbaşçylary, şol sanda sport ministri hem-de beýleki wekiller garşyladylar.

Ýygyndy bu şäherdäki ilkinji türgenleşigini geçirdi. Ýöne entek toparyň ýyldyzy Muhammd Salah şikes sebäpli türgenleşiklere gatnaşyp bilenok. Ýyldyz futbolçy ýakynda metbugata beren interwýusynda özüni gowy duýýandygyny, ýöne birinji duşuşyga ýetişjeginiň anyk däldigini aýtdy.

 

— Dünýä çempionatyna Aziýa yklymyndan wekilçilik etjek Awstraliýanyň ýygyndysy hem Russiýa Federasiýasyna geldi. Awstraliýaly futbolçylar C toparçasynyň birinji, ikinji orunlary üçin Fransiýanyň, Daniýanyň we Perunyň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar.

 

— Russiýa gelen ýygyndylaryň arasynda Ronaldo we topardaşlary hem bar. Fernandu Santu'yň şägirtleri türgneleşiklerini Kratowo şäherinde alyp barýarlar.

 

— FIFA Moskwa şäherinde geçiriljek nobatdaky maslahatynda Dünýä kubogy — 2022-niň käbir meselelerine seretmekçi. Olaryň biri hem jahan çempionatyna gatnaşjak ýygyndylaryň sanyny artdyrmak meselesidir. Ýöne munuň üçin ilki bilen Kataryň taýýarlygy bilen gyzyklanylar. Bu mesele doly öwrenip, nobatdaky çempionatyň saýlama tapgyryna çenli belli karara gelner.

Moskwadaky maslahat 12-13-nji iýunda bolar.

 

— Russiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesow dünýä çempionatyndan öň öz pikirlerini beýän etdi:

— Maksat — ähli ýygyndylarda meňzeş. Goý, ol Germaniýa ýa Braziliýa bolsun, tapawudy ýok, her kimiň birinji maksady toparçadan çykmak. Ikinjisi bolsa basgançakdan basgançaga çykmak. Biziňem ilkinji maksadymyz toparçanyň öňdäki iki orny.

Saud Arabystanynyň ýygyndysy hormata mynasyp. Olaryň düzüminden 6 futbolçy gyşda Ispaniýa transfer boldy. Olar gysga wagtyň içinde 50 futbolçynyň içinden iň güýçlülerini saýlap alyp, milli ýygyndyny emele getirdiler. Baş tälimçisi hem täze. Ýygyndynyň oýny Çiliniň oýnuna meňzeýär, çünki baş tälimçisi ozal Çilä tälim berdi.

 

— Urugwaýyň, Perunyň, Fransiýanyň ýygyndylary hem Russiýa geldiler.

 

Karlo Ançelotti:

— Men Braziliýa çempion bolar diýip çaklaýaryn. Tite örän ajaýyp topar döretdi. Garaşylmadyk netijeleri görkezip, faworitleriň arasyna girip biljek ýygyndy bolsa belgiýa bolar.

 

Germaniýnayň baş tälimçisi Ýoahim Löw:

— Fransiýa, Ispaniýa, Braziliýa we Argentina bu gezek geçen çempionatdakydan has güýçli. Aslynda, bu gezek güýçler biri-birine deňeçer.

 

Pol Pogba:

— Russiýanyň gijeleri has hem owadan eken.

 

Düýn Argentinanyň ýygyndysy Bronnis şäherindäki Siroýežkin stadionynda türgenleşdiler. Türgenleşik janköýerlere açyk görnüşde geçirildi.

 

Messi:

— Milli ýygyndyda oýnamagy dowam etdirmek ýa etdirmezlik Dünýä kubogyndaky çykyşymyza bagly. Soňky ýyllarda üç finalda ýeňilmegimiz argentin metbugaty bilen aramyza çöp atdy. Ýöne finala barmak üçin üçin kyn ýoluň geçilýändigini ýatdan çykarmaly däl.

 

Braziliýanyň milli ýygyndysy Soçi şäherine gelip düşdi.

 

Opta neşiriniň hasaplamalaryna görä, milli ýygyndylaryý kuboga mynasyp bolmak mümkinçiligi:

1. Braziliýa 14,2 %

2. Germaniýa 11,4 %

3. Argentina 10,9 %

...

30. Tunis 0.8 %

31. Panama 0.7 %

32. Marokka 0,5 %.

 

Sigurdsson (Islandiýa):

— Argentina — güýçli ýygyndy. Ýöne bu biziň olardan ýeňiljekdigimizi aňlatmaýar. Bizem taýýarlykly geldik we oýna ruhy taýdanam taýýar.

 

Horwatiýanyň milli ýygyndysy Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşdi.

 

Daniýanyň, Şweýsariýanyň ýygyndylary hem Russiýa geldi.

 

Taýýarlygyň soňky tapgyrlaryny Awstriýada geçiren we iki ýoldaşlyk duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp bilmedik Koreýanyň baş tälimçisi Şin Tae Ýong pikirlerini beýan etdi:

— Ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky netijelere ähmiýet bermäň. Biz ol oýunlarda esasy düzümimizi kesgitlemäge çalyşdyk. Esasy bäsdeşlik çempionatda bolar.

Toparçada Şwesiýa, Meksika we Germaniýa bilen ýaryşarys. Şwesiýanyň onlarça oýnunyň wideoýazgysyna tomaşa etdim. Olar bilen oýunda utuk alyp bolar.

 

Angliýaly emin Martin Atkinson Russiýa «Whistle Stop Tour» aksiýasynyň çäginde 2700 kilometr ýol geçip, welosipedli gelmekçi. Çempionatda angliýaly eminleriň ýokdugyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň