Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan FIFA-nyň reýtinginde 130-njy orunda

09:1908.06.2018
0
1505

FIFA milli ýygyndylaryň reýting sanawyny täzeledi. Täze sanawda ýurdumyzyň futbol ýygyndysy geçen aýdaky ornundan iki basgançak aşak düşüp, 130-njy orny eýeleýär. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy täze sanawda 229 utuk almagy başardy.
Aziýa kubogy — 2019-daky garşydaşlarymyzdan Ýaponiýa 61, Oman 84-nji we Özbegistan 95-nji orunlarda.
Reýtingiň ilkinji 10-lugynda diňe Ispaniýa bilen Polşanyň orunlarynda üýtgeşme bar. Eger polşaly futbolçylar iki basgançak ýokary çykyp, 8-nji orna gelen bolsalar, olaryň öňki ornuny Ispaniýanyň ýygyndysy eýeledi. Şeýlelikde, ilkinji onlugy: Germaniýanyň, Braziliýanyň, Belgiýanyň, Portugaliýanyň, Argentinanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, Polşanyň, Çiliniň we Ispaniýanyň ýygyndylary eýelediler. 
Şu maglumatdan hem görnüşi ýaly, dünýä çempionatynyň öňüsyrasyndaky reýtingde bu ýaryşa gatnaşyp bilmejek Çiliniň ýygyndysy ilkinji onluga girdi. Oňa derek Angliýa, Urugwaý, Daniýa ýaly ýygyndylar ilkinji 15-likden ýokary çykyp bilmediler.
AFK-a degişli ýygyndylardan geçen aýlarda Eýranyň ýygyndysy öňdeligi saklan bolsa, ýoldaşlyk duuşyklaryndaky şowsuz çykyşlardan soň, olar bir basgançak aşak düşüp,  37-nji orna çenli geldiler. Oňa derek Awstraliýanyň ýygyndysy görkezijisini 4 basgançak ýokarlandyryp, 36-njy orna çykdy. Şeýlelikde, täze sanawda AFK-nyň lideri — Awstraliýa.
FIFA-nyň reýting sanawynda 206 ýygyndynyň ady görkezilýär. Indiki sanaw dünýä çempionaty tamamlanandan soň, ýagny 19-njy iýulda çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň