ACB-niň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenistana geldi

14:2231.05.2018
0
17507

ACB (Absolute Championship Berkut) boýunça halkara ýaryşa gatnaşan ilkinji türkmenistanly türgen, häzir bolsa bu ýaryşyň titulynyň eýesi Döwletjan Ýagşymradow Türkmenistana geldi. 

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde çempiony janköýerleriniň birnäçesi garşyladylar.

Döwletjan Ýagşymyradowyň şu ýylyň 5-nji maýynda titulyň öňki eýesi Batraz Agnaýewi ýeňip, çempion bolandygy okyjylarymyzyň ýadyndadyr.

Çempion birnäçe gün hossarlarynyň arasynda — Türkmenabatda bolmakçy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň