Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

03:1630.05.2018
0
9801

29-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi. Onuň dowamynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna” garaldy, ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny we dünýäniň energetika bazarynyň şertlerini nazara almak bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça onuň görkezijileri kesgitlendi.
Mejlisiň barşynda döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew 2018-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda gaz pudagynyň edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri;
şunuň bilen baglylykda, tebigy gazy çykarmak we ony eksport etmek babatda tehniki-ykdysady görkezijiler, şol sanda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazçykaryş” müdirligi boýunça alnyp barylýan işler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen baglaşylan şertnamalar;
pudagyň hünärmenleriniň 2018-nji ýyl üçin tassyklanan meýilnamalaýyn tabşyryklar;
“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew nebit pudagynyň önümçilik-hojalyk işi we gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy;
nebitiň çykarylyşy, şeýle hem uglewodorod serişdelerini gözlemek we olaryň täze geljegi uly ýataklaryny ýüze çykarmak, olary özleşdirmek hem-de gazylyp alynýan serişdeleriň mukdaryny artdyrmak boýunça senagat düzüminde degişli ulanyş ýagdaýyny saklamak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler;
 “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, alnyp barylýan meýdan geofizika we çuň buraw işleri;
ýerasty suwlary gözlemek we barlamak bilen bagly sütünleýin burawlamak we surata almak işleri, şeýle hem “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri bilen baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen geologiýa-gözleg işleri;
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Bäşimow 2018-nji ýylyň başyndan bäri önümçilik tabşyryklarynyň, şol sanda içerki bazary nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi;
desgalary düýpli abatlamak boýunça geçirilýän işler, maýa goýum maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 23 - 24-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresiniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy;
çykarylýan nebitiň möçberlerini artdyrmak, şol sanda Uzynada we Ekizak nebitgaz ýataklarynyň meýdançalarynda buraw işleriniň depginini güýçlendirmegiň, täze guýulary gurmagyň we işe girizmegiň hasabyna artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler;
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew gazy gaýtadan işleýän pudakda iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň ýerine ýetirilişiniň barşy, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeleri barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek ugrundaky işleriň depginini has-da güýçlendirmegi talap etdi we ýurdumyzyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň depginini has-da güýçlendirmek, ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, öň açylan nebitgaz känlerini özleşdirmek we işe girizmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmek, şeýle hem baý tejribesi bolan, abraýly daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň düzümlerini kämilleşdirmegi dowam etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz dolandyryş ulgamynda ulanylyp gelýän kadalary we düzgünleri düýpli üýtgetmegi, bu ulgama häzirki zaman halkara standartlaryny giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça nebitiň çykarylyşyny, nebit önümleriniň we suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny açmak we işe girizmek dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi hem-de Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmegi tabşyrdy, halkara energiýa köprüsi öz gözbaşyny bu gaz käninden alýar.
Ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylaryna suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, nebitgaz pudagynyň aýry-aýry önümleriniň eksport edilýän möçberlerini ýokarlandyrmak, täze gazhimiýa zawodlaryny gurmak hem-de açylan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we işe girizmegi çaltlandyrmak boýunça anyk tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň ylmy we amaly tarapdan netijeli iş alyp barmagyny gazanmak, nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan taslamalaryň ekologiýa ýetirip biljek täsirini ylmy taýdan öwrenmek zerurdyr.
Nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly işleri ýola goýmak, nebitiň täze ýataklaryny açmak boýunça geologiýa-gözleg işlerini has-da güýçlendirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we möçberlerini artdyrmak, işleri has-da işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeler berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň