Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» ýaryşyň autsaýderini ýeňip, kerweniň bagyny ýene öz eline aldy

23:0127.05.2018
0
4477

27-nji maýda geçirilen «Ahal» — «Balkan» duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 12-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Jemleýji duşuşykda «Ahal» ýaryş tertibiniň iň soňky ornunda barýan «Balkany» jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen utulyşa sezewar etdi. 
«Ahalyň» gollaryny Orazberdi Myradow (26’) bilen Süleýman Muhadow (68) geçirdi. Bu duşuşykdan soňra, «Ahal» 9 duşuşykdan 20 utuk toplap, ýaryş tertibiniň birinji ornuna geçdi. Şol bir wagtyň özünde Röwşen Meredowyň şägirtleri şu ýyl 20 utuk toplan bilen ilkinji topar boldular. Ikinji orundaky «Altyn asyryň» 19 utugy bar. Ýöne «aragatnaşykçylaryň» bir oýnunyň azdygyny hem ýatdan çykarmaly däl.
Tapgyrda «Köpetdagyň» hem ýeňiş gazanmagy «Balkanyň» ýagdaýyny has-da çylşyrymlaşdyrdy. Öz döwründe ýurdumyzyň iň güýçli toparlarynyň biri hökmünde tanalyp, yzygider çempion bolan ýyllarynda AFK-nyň Prezidentiniň kubogyny hem gazanan toparyň utuk babatynda iň ýakyn garşydaşyndan hem 8 utuk yza galmagy janköýerler üçin gynandyryjy ýagdaý. Şol bir wagtyň özünde bu ýagdaý şu ýyl çempionatda bäsdeşligiň ýokarydygyny görkezýär.

Türkmenistanyň futbol çempionaty, Ýokary liga, 12-nji tapgyr.

27.05.2018 ý.

«Ahal» — «Balkan» — 2:0.
Gollar:
1:0, Orazberdi Myradow 26’
2:0, Süleýman Muhadow 68’.

Duýduryşlar: Merdan Gurbanow 43, Güýçmyrat Annagulyýew 49 — Dörtguly Bäjikow 44, Döwletgeldi Mirsultanow 49.

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony.

Emin: Ruslan Ereşow (Türkmenabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň