Soňky habarlar

Arhiw

"Sport" teleýaýlymynda halkara sport ýaryşlaryny ýaýlyma bermek üçin daşary ýurt kompaniýasy bilen şertnama baglaşylýar

12:2027.05.2018
0
6106

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 25-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi. Şol mejlisde wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Sport” teleýaýlymynda halkara sport ýaryşlaryny ýaýlyma goýbermek barada daşary ýurt kompaniýasy bilen şertnama baglaşmak hem-de çykdajylary tölemek hakyndaky çözgüdiň taslamasyny hödürledi.

"Sport" teleýaýlymy häzirki wagtda hem "Setanta" ýaýlymy bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda halkara sport ýaryşlarynyň birnäçesini göni ýaýlymda görkezýär. Milli sport ýaýlymymyz häzir Futbol boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezmek boýunça hem gepleşikleri geçirýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň