Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyryň" AFK-nyň kubogyndaky indiki garşydaşy Hindistanyň "Bengaluru" topary boldy

17:5023.05.2018
0
8440


Malaýziýanyň Kula-Lumpur şäherinde AFK-nyň kubogynyň indiki tapgyrynyň bije çekilşigi boldy. Şeýlelikde, türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda toparçadan çykmaga hukuk gazanan Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyrynyň» zonalaýyn ýarym finalyň pleý-of tapgyryndaky garşydaşy belli boldy. Ildeşlerimiz toparçalaýyn tapgyryň «E» toparçasyny birinji orunda tamamlan Hindistanyň «Bengaluru» toparynyň garşydaşy bolarlar. «Aragatnaşykçylar» nobatdaky garşydaşy bilen iki duşuşyk geçirerler. 22-nji we 29-njy awgustda geçiriljek şol duşuşyklaryň netijesinde zonalaýyn ýarym finala çykan topar belli bolar.
«Bengaluru» — Hindistanyň iň ýaş futbol toparlarynyň biri. Topar mundan bäş ýyl ozal, ýagny 2013-nji ýylda döredildi. Muňa garamazdan, toparyň milli ýaryşlarda-da, halkara derejede-de gowy netijeleri bar. Toparyň düzüminde ýerli futbolçylardan başga-da, Ispaniýadan, Wenesuelladan we Awstraliýadan futbolçylar bar. «Bengalurunyň» kapitany Sunil Çetriniň ady bolsa türkemnistanly futbol janköýerlerine-de tanyşdyr. Milli ýygyndymyzyň Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrlarynyň birinde topardaşymyz bolan Hindistanyň ýygyndysynyň düzüminde Aşgabatda görkezen ajaýyp oýny bilen elçarpyşmalara mynasyp bolan futbolçy toparda türkmen futbolçylaryna iň belet oýunçy.
Döredilen ýylynda Hindistanyň birinji ligasynyň çempiony bolan topar şu möwsümde ýurduň Superligasynda hem çempionlygyny yglan etdi. Taryhynda iki gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşyp, AFK-nyň kubogynda geçen ýyl ýarym finala çenli baryp ýetdi.
Diýmek, türkmen futbolçylary ýene bir güýli garşydaş bilen ýaryşy dowam etdirýärler. Yklym ýaryşyna 2015-nji ýyldan bäri gatnaşýan «aragatnaşykçylar» türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek toparçadan soň hem ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar. Şeýle mümkinçiligiň ilkinji gezek bolýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri yklym ýaryşyndaky oýny bilen sport jemgyýetçiliginde seslenme döretdi. Hususan-da, halkara derejeli bilermenler «Altyn asyryň» «D» toparçanyň iň soňky tapgyrynda «Istiklol» bilen myhmançylykda geçiren oýnuna ýokary baha berdiler. Olaryň pikiriçe, türkmen futbolçylary ýakyn geljekde yklym kubogynyň esasy dalaşgärleriniň birine öwrülip biler.
Eger «aragatnaşykçylar» zonalaýyn ýarym finalyň saýlama tapgyryndan, başgaça aýtsak, çärýek finaldan üstünlikli geçip bilseler, onda olara 19-njy sentýabrda we 3-nji oktýabrda oýnaljak ýarym final duşuşyklary garaşýar. Kubogyň eýesi 27-nji oktýabrda boljak final duşuşygynda belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň