Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy — 2018: "Altyn asyr" taryhda ilkinji gezek "Istikloly" ýeňdi we ýaryşyň nobatdaky tapgyryna çykdy

23:4216.05.2018
0
13396

Aşgabadyň “Altyn asyr” futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň “D” toparçasynyň jemleýji tapgyrynda taryhy başarnygy görkezdi: Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary Gissar şäheriniň Merkezi stadionynda geçirilen duşuşykda AFK-nyň kubogynyň 2015-nji we 2017-nji ýyllardaky finalçysy bolan topary 3:2 hasabynda ýeňip, türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda toparçadan çykan wekilimiz bolmagy başardy. Şeýlelikde, “Altyn asyr” sebitara ýarym finalyň saýlama tapgyryna, başgaça aýtsak, çärýek finala çykdy. Duşuşykda “aragatnaşykçylaryň” pökgülerini Furkat Tursunow (1-nji minutda), Zafar Babajanow (birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 4-nji minudynda) we Mihail Titow (esasy wagtyň goşmaça minutlarynyň 7-nji minudynda), “Istiklolyň” pökgülerini bolsa Nikolaý Zenko (83-nji minutda) bilen Ahtam Nazarow (esasy wagtyň goşmaça minutlarynyň 1-nji minudynda, 11 metrlik jerime urgusyndan) geçirdi.

Şu duşuşykda türkmen futbolçylarynyň ýene bir uly başarnyga eýe bolandygyny turuwbaşdan nygtamak gerek. Biziň toparlarymyz 2015-nji ýyldan bäri “Istiklol” bilen şu ýaryşda ýedi gezek duşuşdylar. Olaryň ikisi 2015-nji, ikisi 2017-nji, üçüsi bolsa şu ýyla degişlidir. Yzda galan duşuşyklarda ildeşlerimize “Istikloly” ýeňmek nesip etmändi. 2015-nji ýylda “Ahal” iki duşuşykda hem (1:2, 2:5) ýeňlen bolsa, geçen ýyl “Altyn asyr” Balkanabatda geçirilen duşuşykda deňme-deň oýnan bolsa (1:1), Duşenbede geçirilen jogap duşuşygy täjik toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Şu ýylky duşuşyklarda bolsa “Ahal” “Istiklolyň” derwezesine ýol tapmady. Toparçadaky iki duşuşyk hem “Istiklolyň” 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. “Altyn asyr” bolsa ýene-de Balkanabatda deňme-deň (2:2) hasap bilen oýnady.

Türkmen toparlarynyň “Istiklol” bilen AFK-nyň kubogyndaky sekizinji duşuşygy bolsa janköýerlerimizi guş bolup uçurdy. “Altyn asyr” taryhy ýeňşi gazandy! Taryhda ilkinji gezek hem “Istikloly” ýeňip gördük, hem AFK-nyň kubogynda toparçadan çykdyk.

Duşuşykdan öň geçirilen metbugat maslahatynda “Istiklolyň” baş tälimçisi Muhsin Muhammadiýew toparçadan çykmak üçin ýekeje ädimiň galandygyny aýtdy. Ýazguly Hojageldiýew bolsa iki toparyň biri-biriniň oýnuna beletdigine ünsi çekip, kimiň ýeňiş gazanjakdygyny oýnuň görkezjekdigini aýtdy.

Emin duşuşygyň başlanýandygyny yglan eden jürlewügini çalandan, “Altyn asyryň” futbolçylary çalasynlyk bilen hüjüme geçdiler. Myrat Ýagşyýewiň hüjümiň çep ganatyndan jerime meýdançasyna geçiren pökgüsi Altymyrat Annadurdyýewe gönükdirilen bolsa-da, ýokardan gelen pökgi hüjümçiniň üstünden geçdi. Her niçik hem bolsa, “Altyn asyryň” başga bir futbolçysy, şu özüne esasy düzümden orun tapan Furkat Tursunow ýetişdi we eýýäm birinji minutda hasaby açdy.

Şondan 7 minut soňra Resul Hojaýewde hem tapawutlanmaga mümkinçilik boldy. Ýöne “Istiklolyň” derwezewany bilen ýüzbe-ýüz gabatlaşan futbolçy bu mümkinçilikden peýdalanyp bilmedi. Şol bir wagtyň özünde “Altyn asyryň” futbolçylary ýer eýeleriniň güýçli hüjümlerine hem sezewar boldular. 23-nji minutda Ehsoni Şançşanbede hasaby deňlemäge mümkinçilik boldy. Ýöne onuň hüjümiň sag ganatyndan derwezä gönükdiren pökgüsi sowa geçdi.

“Istiklolyň” ýiti hüjümleriniň soň hem birnäçesiniň guralandygyna garamazdan, toparlar “Altyn asyryň” bir pökgi tapawudy bilen arakesmä çykmagyna golaý geldiler. Ýöne goşmaça wagtyň dördünji minudynda “aragatnaşykçylaryň” goragçysy Zafar Babajanow hasaby biziň toparymyzyň peýdasyna 2:0-a çykardy. Ýarym goragçy Annasähet Annasähedowyň jerime urgusyndan depen pökgüsini garşylamaga niýetlenen “Istiklolyň” futbolçylary Myrat Ýagşyýewiň döreden päsgelçiliginden geçip bilmediler. Pökgi bolsa Zafar Babajanowyň öňüne geldi. Goragçy dörän mümkinçilikden ýerlikli peýdalanyp, pökgi tapawudyny arakesmä çenli iki pökgä çykardy.

Arakesmeden soň “Altyn asyryň” derwezewany Mämmet Orazmuhammedow “Istiklolyň” futbolçylarynyň pökgüleriniň birnäçesini gaýtarmaly boldy. Onuň duşuşygyň oýunçysy saýlanylmaga mynasyp bolan oýny “Altyn asyryň” zolaklaýyn saýlama tapgyra çykmagynda esasy orny tutdy. Hususan-da, onuň 51-nji, 72-nji we 77-nji minutlardaky ajaýyp başarnygy bilen ildeşlerimiz hasapdaky artykmaçlygy goradylar.

Şeýle-de bolsa, 83-nji minutda Muhsin Muhammadiýewiň şägirtleri “aragatnaşykçylaryň” derwezesine ýol tapdylar. Nikolaý Zenkonyň geçiren bu pökgüsinden soň duşuşygyň esasy wagty tamamlanýança, “Altyn asyryň” 2:1 hasabyndaky üstünligi saklandy. Goşmaça wagtda bolsa...

Goşmaça wagtyň birinji minudynda “Altyn asyryň” jerime meýdançasynda goragçylarymyz dartgynly oýun pursatynda pökgini meýdanyň daşyna çykaran hem bolsa, ýer eýeleriniň hüjümçisi Dilşod Wasiýewiň ýykylmagyndan çen tutan omanly emin 11 metrlik jerime urgusyny berdi. Emma bu pursatda türkmen futbolçylarynyň oýunça päsgel bermek maksady bilen däl-de, pökgä urgy geçirendigi ýaýlymda hem aç-açan göründi. Şeýle-de bolsa, emin bu pursaty 11 metrlik jerime urgusy bilen “sylaglady”.

Şeýlelikde, jerime urgusyndan soň, hasap deňlendi. Deňlik bolsa “Istiklolyň” haýrynady. Şeýle-de bolsa, “Altyn asyryň” futbolçylary iň soňky sekuntlara çenli ýiti göreşi dowam etdirdiler. Şol göreşem goşmaça wagtyň 7-nji minudynda miwesini berdi. Mihail Titowyň geçiren pökgüsi “Altyn asyry” nobatdaky tapgyra çykardy.

Ildeşlerimiz sebitara duşuşyklary awgust aýynda geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň