Soňky habarlar

Arhiw

«B» toparçada ikinji ýarym finalçy Gyrgyzystan

17:4724.04.2018
0
1137

Şu gün woleýbol boýunça Aziýa çempionatynyň Merkezi zonasynda Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň özara duşuşygy geçirildi. Bangladeşiň Bakka şäherinde geçirilen duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 15-de başlady.
Şu duşuşygyň ýeňijisi toparçanyň lideri Türkmenistanyň ýygyndysyndan soň ýarym finala çykmaga hukuk gazanýardy. Şonuň üçin hem duşuşyk tutuwbaşdan çekeleşikli geçdi. Toparçadaky ozalky iki duşuşykdan (Türkmenistan — Gyrgyzystan, Türkmenistan — Özbegistan) tapawutlylykda, bu gezekki ýeňiji kesgitlemek üçin bäş döw duşuşyk geçirilmeli boldy. Birinji döwde 25:18 hasaby bilen ýeňiş gazanan gyrgyz woleýbolçylary ikinji, üçünji döwlerde özbegistanly garşydaşlaryndan asgyn geldi. Ikinji hem-de üçünji döwler degişlişlikde 24:26 we 19:25 hasaplary bilen Özbegistanyň milli ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Dördünji döwde ýene-de gyrgyz woleýbolçylary ýeňiş gazandylar. Hasap 25:18. Şeýlelikde, duşuşygyň netijesi 15 utuga çenli oýnaljak bäşinji döwe galdy. Bu döw 15:13 hasabynda gyrgyz woleýbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Gyrgyzystanyň woleýbol ýygyndysy «B» toparçanyň ikinji ýarym finalçysy boldy.
Ýarym final duşuşyklary ertir geçiriler. Günüň birinji duşuşygynda «A» toparçanyň ýeňijisi Bangladeşiň ýygyndysy gyrgyz woleýbolçylary bilen, ikinji duşuşykda bolsa türkmen woleýbolçylary Nepalyň ýygyndysy bilen duşuşar. Biziň ildeşlerimiziň duşuşygy gündiz sagat 16-da başlanar. Eger woleýbolçylarymyz ertirki duşuşykda hem ýeňiş gazanyp bilseler, birigün 14-de başlanjak final duşuşygyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Ertirki duşuşyk garşydaş toparyň ýeňşi bilen tamamlansa bolsa, birigün sagat 12:30-da ildeşlerimiz üçünji orun ugrundaky soňky duşuşygyna çykarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň