Türkmenistanly önüm öndürijiler Özbegistanda sergi gurnar

09:4223.04.2018
0
1113

Şu gün we ertir Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmenistanyň hususy we döwlet eýeçilgiindäki önüm öndürijileriniň sergisi geçirilýär. «Uzeksposentr» toplumynda ýaýbaňlandyryljak sergi bilen ugurdaşlykda, şäheriň «International Hotel Tashkent» myhmanhanasynda işewürlik maslahaty hem geçiriler.
Bu çäreleriň ikisi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň goňşy döwlete döwlet saparynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Özbek paýtagtynda geçiriljek gözden geçirilişe haryt we hyzmatlar boýunça iş alyp barýan ministrler, pudak edaralarynyň we telekeçileriň köp sanly wekilleri gatnaşar. Sergide nebithimiýa, oba hojalygy, azyk üpjünçiligi, lukmançylyk, farmasewtika, ulag we logistika, telekommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar ýaly ugurlar hem giň orun tapar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň