Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" - "Ahal” duşuşygynda türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek bäş eminli düzgün synag ediler

09:0318.04.2018
0
1513

«Altyn asyr» hem-de «Ahal» toparlarynyň arasyndaky özara duşuşyklar soňky ýyllarda milli futbol çempionatymyzda iň üns berilýän duşuşyklara öwrüldi. Munuň özüne ýetik sebäbi bar, çünki, häzirki zaman türkmen futbolynda çempionlyk üçin esasy bäsdeşlik şu iki toparyň arasynda geçýär. Şu ýyl bolsa Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we «Türkmennebitönümleri» baş müdiriliginiň bu iki topary yklym ýaryşynda hem biri-biri bilen bäsdeşe öwrüldi. Bu bolsa diňe türkmen futbolynda däl, eýse, halkara derejede hem ýurdumyzyň bu iki toparyna ünsi güýçlendirdi. Şu gün bu iki toparyň arasynda Türkmenistanyň 26-njy gezek geçirilýän futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşyk geçiriler. Paýtagtymyzdaky «Diller merkeziniň» futbol meýdanynda boljak bu duşuşyk, aslynda, milli birinjiligiň ikinji tapgyryna degişlidir. «Altyn asyrdyr» «Ahalyň» ikisiniň hem Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşyna gatnaşýandygy üçin tapgyrdaky bu duşuşygyň senesi üýtgedilipdi. Tapgyryň mart aýynda geçirilen beýleki duşuşyklarynda bolsa «Energetik» «Balkany» (2:1), «Aşgabat» «Köpetdagy» (2:1), «Merw» «Şagadamy» (2:0) ýeňipdi. Şu günki duşuşykda türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek bäş eminli düzgün resmi oýunda synag ediler. Has takygy, meýdanyň içindäki, iki gapdaldaky eminlerden başga-da, her derwezäniň ýanynda hem bir emin bolar. Olar jedelli ýagdaýlarda pökginiň derwezeden geçip-geçmänligine gözegçilik ederler. Dünýä futbolynda bäş eminli düzgün öňräkden bäri ulanylýar. Hakykatdan-da, käbir jedelli pursatlary dogry kesgitlemekde derwezeleriň ýanyndaky eminleriň orny uly bolýar. Olar diýe bir derwezä giren pökgülere gözegçilik etmän, jerime meýdançasynyň içinde dörän jedelli pursatlarda hem baş emine dogry netijä gelmäge kömekçi bolýarlar. Diýmek, şu gün ilkinji gezek ulanyljak bu düzgün türkmen futbolynyň kämillige tarap nobatdaky ädimi bolar. Bäş eminli düzgün mundan ozal fewral aýynda geçirilen TFF-niň kubogy ugrundaky ýaryşda hem synag edildi. Ýöne ol duşuşyklaryň möwsüme taýýarlyk hökmünde geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklardygyny nazarda tutsak, täze düzgän şu gün resmi duşuşyklarda ilkinji gezek synag ediler. Yzda galan 6 tapgyrda üç duşuşyk geçiren «Altyn asyr» şolaryň ählisinde hem ýeňiş gazanyp toplan 9 utugy bilen, ýaryş tertibiniň üçünji ornunda. «Ahalyň» bolsa dört duşuşykdan 8 utugy bar. Ýaryş tertibiniň başyny çekýän «Merw» bilen «Şagadamyň» hasabynda 10 utugyň bardygyny ýatlatsak, şu günki duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň birinji orna geçjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Häzirki çempion «Altyn asyra» bolsa ýaryş tertibiniň kerwenbaşysy bolmak üçin şu günki duşuşykda deňlik hem ýeterlik. Ýatladýarys: paýtagtymyzdaky «Diller merkeziniň» (Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener tehnologiki uniwersitetiniň ozalky binasy) futbol meýdanynda geçiriljek duşuşyk 16:00-da başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň