Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

23:5716.04.2018
0
8705

16-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba we suw hojalygy ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de döwlet durmuşynyň käbir beýleki meseleleri girizildi.

Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şäheriň iri gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şeýle hem iş maslahatynda
Ahal welaýatynyň häkimi Häkim sebitde amala aşyrylýan, şol sanda, obasenagat toplumynda ýerine ýetirilýän işler, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler hem-de gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy;
Balkan welaýatynyň häkimi sebitde işleriň ýagdaýy, 
obasenagat toplumynda geçirilýän çäreler;
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de depginleri;
Daşoguz welaýatynyň häkimi welaýatda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk möwsümleri, hususan-da, gowaça ekişi, häzirki agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi;
welaýatyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabarara taýýarlyk görlüşi;
Lebap welaýatynyň häkimi gowaça ekişiniň barşy hem-de bu jogapkärli möwsümde bar bolan döwrebap tehnikalary doly peýdalanmak maksady bilen görülýän çäreler;
Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy;
Mary welaýatynyň häkimi sebitiň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, nobatdaky möwsümleýin oba hojalyk işlerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.
Şeýle hem oba we suw hojalygy ministri Ö. Enermyradow bu pudaklarda işleriň ýagdaýy, olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diýläp, ministre ýerleri işlemegiň innowasion usullaryny iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga, ekerançylyk meýdanlary suwarmakda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga, ýyladyşhana hojalyklarynyň ulgamyny giňeltmäge, ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän möçberlerini köpeltmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol işleri has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryny nazara alyp, bu pudaklary ösdürmek, hünär ugurly kärhanalaryň we düzümleriň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň barşynda, şeýle hem Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň düzümini tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň