Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kikboksçylary Türkiýede geçen halkara ýaryşda bäş medal gazandylar

09:2510.04.2018
0
4182

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýede kikboks boýunça geçen «3rd International Turkish Open Kickboxing Tournament» üçünji halkara açyk bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça bäş medala — iki kümüş we üç bürünç medala eýe boldy.
“K-1” ugry boýunça türgenlerimiz iki sylaga mynasyp boldular: 54 kilogram agramda çykyş edýän Çary Çaryýew ýaryşyň kümüş medalyny, Akmyrat Akyýew bolsa (67 kilograma çenli) bürünç medaly gazandy.
“Lou kik” ugry boýunça Gülzada Jorakulyýewa (70 kilograma çenli) ikinji orna düşdi. Röwşen Habyrow bolsa (60 kilograma çenli) bürünç baýraga mynasyp boldy.
“Ful kontakt” ugry boýunça Pygy Silabow (60 kilograma çenli) üstünlik gazanyp, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň hasabyna ýene bir bürünç medaly goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň