Türkmen dzýudoçysy Gülbadam Babamuratowa Tbiliside geçirilen Gran-pri halkara ýaryşynda bürünç medal gazandy

15:4502.04.2018
0
10130

Türkmenistanly türgen Gülbadam Babamuratowa «Tbilisi Grand Prix 2018» halkara dzýudo ýaryşynda 52 kilograma çenli agram derejesindäki zenanlaryň arasynda çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy.
Gruziýanyň paýtagtynda geçirilýän ýaryşa 39 döwletden 300-den gowrak türgen gatnaşýar. Erkekleriň we zenan türgenleriň arasyndaky ýaryşlar 14 agram derejesinde geçirilýär diýip, SNG Today saýty habar berýär.
Gülbadam Babamuratowa ýaryşdaky ilkinji tutluşyklaryny Gruziýanyň we Ysraýylyň wekilleri bilen geçirdi. Çärýek finalda Gazagystanly türgeniň bäsdeşi boldy. Üçünji orun ugrundaky tutluşykda bolsa amerikaly Anželika Delgadodan üstün çykdy. Şeýlelikde, Gülbadam Gran-pri tapgyrlaryndaky eýýäm ikinji bürünç medalyny gazandy. Ol Marokkanyň Agadir şäherinde geçirilen ýaryşy hem bürünç medal bilen tamamlapdy.
Tbliside geçirilen ýaryşa ýurdumyzdan 5 türgen wekilçilik etdi. Olar Batyr Gurbanýazow, Parahat Bäşimow, Tejen Tejenow, Batyr Hojamuhammedow we Gülbadam Babamuratowa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň