Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylarynyň garşydaşy Palestinanyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnady

23:5622.03.2018
0
3772

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Aziýa kubogy — 2019-yň saýlama tapgyryndaky garşydaşy — Bahreýniň milli ýygyndysy Palestinanyň ýygyndysy bilen geçiren duşuşygyny 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlady. Duşuşyk Bahreýniň Milli stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň hasabatlaryna ser salanyňda ýer eýeleriniň artykmaçlygy göze ilýär. Bahreýnli futbolçylary pökgä erk etmekde-de (54%-e 47%), burçdan pökgini oýna girizmekde-de (6-a 3), derwezä urgulary geçirmekde-de (9-a 5), şol sanda derwezä göni baran urgularda-da (3-e 1) garşydaşlaryndan rüstem çykyş etdiler. Ýöne bu netijeler olaryň garşydaş derwezä gol geçirip bilmegi üçin ýeterlik bolmady.

Iki milli ýygyndy hem bu ýoldaşlyk duşuşygyny 27-nji martda geçiriljek resmi duşuşygyň öňüsyrasynda geçirýär. Şol palestin futbolçylary Maskat şäherinde Omanyň ýygyndysynyň garşysyna, Bahreýn bolsa türkmen futbolçylarynyň garşysyna duşuşyk geçirer. Bu duşuşyk Türkmneistanyň we Bahreýniň ýygyndylarynyň şu saýlama tapgyrdaky ikinji duşuşygy bolar. 2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Daşoguz şäherinde geçirilen birinji duşuşyk 2:1 hasabynda Bahreýniň milli ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanypdy.

Türkmen futbolçylarynyň we Bahreýniň ýygyndysynyň eýýäm yklym çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny ýatladýarys. Ýaryşyň final tapgyry 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler. Saýlama tapgyrda geçirilen 5 duşuşykdan soňra, iki milli ýygyndyda hem 10 utuk bar. Ýöne geçiren pökgüleriniň artykmaçlygy bilen bahreýnli futbolçylar toparçada birinji orny eýeleýär.

Taryhda ilkinji gezek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna 24 milli ýygyndy gatnaşýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň