"Ahal" toparçadaky ikinji duşuşygynda "Alaýy" uly hasap bilen ýeňdi

17:0313.03.2018
0
4680

Şu gün köpugurly "Aşgabat" stadionynda ýurdumyzyň wise-çempiony "Ahal" futbol topary AFK-nyň kubogynyň "D" toparçasynyň 2-nji tapgyrynda Gyrgyzystanyň çempiony "Alaý" futbol toparyny kabul etdi.
Toparlaryň ikisi hem toparçadaky ilkinji duşuşygynda ýeňildi. 7-nji martda Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilen duşuşykda "Alaý" paýtagtymyzyň "Altyn asyr" futbol toparyndan ýeňlen bolsa, şol gün Täjigistanyň paýtagtynda "Istiklol" bilen "Ahalyň" arasyndaky duşuşyk ýerli toparyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şonuň üçin bu gün garşydaşlaryň ikisi hem toparçadaky ilkinji utuklar üçin ýaşyl meýdana çykdylar.
Şeýle bolsa, türkmen futbolçylarynyň ýeňşe bolan höwesi we fiziki taýýarlygy duşuşygyň ilkinji ýarym sagadynda özüni görkezdi. 27-nji minutda hüjümçi Süleýman Muhadowyň geçiren goly "Ahaly" hasapda öňe çykardy. Ilkinji goldan 6 minut soňra "Ahalyň" "9-lygy" özüniň we toparynyň ikinji goluny derwezeden geçirdi. 36-njy minutda hasap 3:0-a çykdy. Bu gezek Röwşen Meredowyň toparynyň ýene bir täze transferi Guwanç Abylow tapawutlandy. Birinji ýarym şu hasap bilen hem tamamlandy.
Başdan aýaga meýdandaky artykmaçlygy öz elinde saklan "Ahal" 68-nji minutda "Alaýyň" derwezesinden dördünji goly hem geçirdi. Bu gol şol bir wagtyň özünde Guwanç Abylowyň hem duşuşykdaky ikinji goly boldy. 86-njy minutda Süleýman Muhadowyň ornuna giren hüjümçi Nurýagdy Muhammedow meýdana girmeginden 6 minut soňra duşuşygyň gutarnykly netijesini goýdy. Şeýlelikde, "Ahal" yklym ýaryşyndaky ilkinji 3 utugyny 5:0 hasabyndaky uly ýeňiş bilen gazandy. 
"Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň topary ertirki "Altyn asyr" - "Istiklol" duşuşygyna çenli toparçanyň birinji ornuny "aragatnaşykçylar" bilen paýlaşýar. Eger ertir "Altyn asyr" ýeňiş gazansa, ýurdumyza wekilçilik edýän toparlar ilkinji iki orny eýelärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň