Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda täze Halkara howa menzili açyldy

22:0526.02.2018
0
22736

26-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu dabarada milletiň Lideri gutlag sözi bilen çykyş etdi. Milletiň Lideri täze Halkara howa menziliniň diňe bir Garaşsyz Diýarymyzyň gündogar sebitini däl-de, eýsem, tutuş berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Bu Halkara howa menzili döwletleriň arasynda dostlugy we parahatçylygy berkitmäge hyzmat etjek ulag gatnawlarynyň möhüm çatryklarynyň biri bolar. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.

Türkmen gurluşykçylarynyň yhlasly zähmeti bilen bina edilen bu howa menzili sagatda 500 ýolagça hyzmat eder. Howa gatnawlarynyň howpsuz, ygtybarly we netijeli amala aşyrylmagyna mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň milli raýat awiasiýasynyň halkara hem-de ýerli howa gatnawlary ulgamyna üstünlikli goşulmagyna, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberini artdyryp, hilini ýokarlandyrmaga şert döreder.

Soňra Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine gelen daşary ýurtly myhmanlara söz berilýär.

Olaryň hatarynda Ginnesiň bütindünýä rekordlar Kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşi - Gemiji hem bar. Myhman biz Türkmenabat şäheriniň täze howa menziliniň ähli ajaýyplygyna hem-de ýokary tehnologiýa eýedigine uly baha berdik diýip, ol ýolagçy terminalynyň belentden görünýän keşbiniň aýratyn ünse mynasypdygyny, terminalyň ägirt uly ýyldyz görnüşinde örtüginiň bardygyny aýtdy. Binagärlik taýdan şeýle ajaýyp çözgüt howa menziliniň gaýtalanmajak aýratynlygydyr, şeýle binagärlik aýratynlygy dünýäde ýokdur. Şeýlelikde biz ony Ginnesiň rekordlar Kitabynda hormatly orun almaga mynasyp hasap edýäris diýip, myhman aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýolbaşçysy D.Saburowa Ginnesiň rekordlar Kitabynyň Sertifikaty gowşuryldy, onda Türkmenabat Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň binagärlik taýdan ýeke-täk we gaýtalanmajak keşbe eýedigi resmi taýdan tassyklanylýar.

Soňra Mýunhen halkara howa menziliniň marketing we satuwlar boýunça wise-prezidenti Lorenso Di Loreto çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Baştutanyny Mýunhen Halkara howa menziliniň türkmen howa gatnawlary gullugynyň ygtybarly hyzmatdaşy boljaklygyny aýdyp, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň ähli ulgamlarynyň işleýşiniň ýokary baha mynasypdygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

Täze howa menziliniň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Gündogdy” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziliniň gurluşygynda hem ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. “Gündogdy” kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan aerodrom toplumynyň desgalarynyň 46-synyň ählisi hem taslama-tehnologik ölçegleriň anyk berjaý edilmeginde ýokary hilli guruldy.

Täze howa menziliniň desgalary 600 gektara deň bolan giň meýdanda ýerleşýär. Toplumyň gurluşygynda milli binagärligiň özboluşly usullary döredijilikli peýdalanyldy. Howa menziliniň girelgesiniň öňünde lebap haly göli görnüşinde owadan suw çüwdürimleri oturdyldy, meýdany 37 müň inedördül metre deň bolan ýolagçy terminalynyň binasy guşuçar belentlikden Oguzhanyň ýyldyzy keşbinde görünýär, munuň üçin bu howa menzili Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizildi.

Giň ýolagçy terminalynda garaşmak, çalt bellige almak we uçarlara münmek üçin aňrybaş amatly şertler döredilipdir. Teleskopiki uçara münülýän merdiwanlar, maglumat tablosy, halkara, şäherara aragatnaşyk nokady, goş saklanýan kameralar ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar. Ýolagçylaryň uçmaga garaşýan zalynda amatly oturgyçlar gurnalypdyr. Şeýle hem bu ýerde kafeteriler, bufetler, dükanlar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde СIP –zal, Duty free dükanlary, internet kafe we beýlekiler bar.

Özüniň inžener-tehniki we gurnalyş aýratynlyklary babatynda täze terminal ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly howa menzili desgalarynyň biri bolup durýar. Howa gämileriniň ýerüsti hereketini guramak we dolandyrmak ulgamynda howpsuzlyk kadalarynyň ähli talaplarynyň üpjün edilmegine toplumlaýyn çemeleşme amala aşyryldy. Ýolagçylara hyzmat etmek, el goşlaryny we ýükleri gözden geçirmek, hyzmatlaryň tutuş ulgamyny guramak ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda ýerine ýetiriler, täze howa menziliniň bäsdeşlige ukyplylygy hyzmatlaryň görnüşine we hiline bagly bolar. Terminalda 9 eskolator we 19 lift gurnaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň