Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolynyň wekilleri CAFA-nyň maslahatyna gatnaşdylar

18:3825.02.2018
0
964

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekili Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) ýygnagyna gatnaşdy. Bu barada Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. 

Daşkent şäherindäki «HYATT REGENCY» myhmanhanasynda geçirilen maslahata Türkmenistandan başga-da,  Eýranyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň Futbol federasiýalaryndan wekiller gatnaşdy. Günorat Koreýanyň we Kataryň futbol hünärmenleri bolsa maslahatyň hormatly myhmanlary boldular.

Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň täze ýolbaşçysy bellenildi. Bu wezipä biragyzdan Özbegistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň prezidenti hem-de Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti Umid Ahmadjonow saýlanyldy. 

Maslahata Türkmenistandan TFF-niň wekili Babanazar Haknazarow gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň