Soňky habarlar

Arhiw

Amir Gurbany FS topary bilen bolan duşuşykda tapawutlandy

14:5625.02.2018
0
903

Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň "Dordoý" futbol topary "Ala-TOO — 2018" halkara futbol ýaryşyna gatnaşýar. Topar bu ýaryşda häzir çenli iki duşuşyk geçirdi we ikisinde-de uly hasap bilen ýeňiş gazandy.

Türkmenistanly ýarym goragçy Amir Gurbany Bişkek şäheriniň FS topary bilen geçirilen ikinji duşuşygyň 72-nji minudynda tapawutlanyp, toparynyň ýeňşine goşant goşdy. Duşuşyk "Dordoýyň" 5:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

A.Gurbany Gazagystanyň "Kaýrat-2" topary bilen geçirilen birinji duşuşykda hem esasy düzümde çykyş etdi. Bu duşuşykda "Dordoý" 7:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýaryş ertir tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň