Soňky habarlar

Arhiw

Aleksandr Krestinin: "Amiriň iň gowy futbolçy diýip saýlanmagy biziň transferde ýalyşmandygymyzy görkezýär"

14:4725.02.2018
0
1242

Ýakynda Gyrgyzgystanyň "Dordoý" futbol toparynyň resmi saýtynda toparyň baş tälimçisi Aleksandr Krestinin bilen geçirilen söhbetdeşlik ýerleşdirildi. Esasan, toparyň AFK-nyň kubogynda toparça düşüp bilmezliginiň sebäplerine bagyşlanan söhbetdeşlikde baş tälimçi "Ahal" bilen bolan duşuşyklarda şowsuz urgulara üns çekýär. Bişkekde geçirilen birinji duşuşykda-da ýa Balkanabatdaky oýunda-da gol geçirmäge mümkinçilikleriniň kän bolandygyny aýdyp, muny özlerine şowlulygyň ýetmändigi bilen düşündirýär.

Amir Gurbanynyň Turkmenportalyň okyjylarynyň saýlamagy boýunça 2017-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýip ylgan edilmegi baradaky sowala bolsa ol: "Onuň bu netijesi biziň transfer meselesinde dogry oýunçyny saýlandygymyzy görkezýär. Men Amiriň adyna ähli gutlaglarymy iberýärin" diýip jogap berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň