"Altyn asyr" Türkiýede geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Özbegistanyň AGMK-syndan utuldy

22:4118.02.2018
0
4305

Türkmenistanyň "Altyn asyr" toparynyň futbolçylary Türkiýedäki okuw-türgenleşiginiň çäginde geçiren üçünji ýoldaşlyk duşuşygynda Özbegistanyň AGM toparyndan 1:3 hasabynda ýeňildi. Duşuşykda "Altyn asyryň" goluny Mihail Titow geçirdi.

AGMK (Ozalky "Almalyk") futbol topary Özbegistanyň ýokary ligasynda çykyş edýär. Geçen topar ligany 16 toparyň arasynda 7-nji orunda tamamlady. Topar 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýene-de ozalky AGMK ady bilen çykyş edip başlady. Bu at toparyň hemaýatkäriniň gysgaldylan adydyr (Алмалыкский горно-металлургический комбинат). Topar 2004 — 2008-nji ýyllarda hem şu at bilen çykyş edipdi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojagelidýewiň şägirtleri bu duşuşykdan öň Russiýanyň MIlli futbol ligasynyň wekili "Olimpiýesi" 1:0, Daniýanyň "Helsingýor" toparyny 2:1 ýeňipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň