Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen samboçylary Belarusda geçirilen halkara ýaryşda 5 medal gazandylar

20:4818.02.2018
0
6726

Minskide Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky sport we söweş sambosy boýunça geçirilen açyk çempionatda biziň türgenlerimiz üç kümüş we iki bürünç baýragy gazandylar.

Biziň ýygyndy toparymyzyň hasabynda söweş sambosy boýunça gazanylan medallaryň dördüsi hasaba alyndy. 100 kilogramdan gowrak has ýokary agram derejede geçirilen bäsleşikde Muhammet Nobatow kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýerde biziň türgenimiz bilen Ukrainanyň samboçysy bäsleşdi.

74 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edenleriň arasynda hormat münberiniň ikinji we üçünji basgançagyna degişlilikde biziň türgenlerimiziň birbada ikisine– Abdylla Babaýewe we Şatlyk Çaryýewe çykmak başartdy. Türkmenistanly Ruslan Ismailow (62 kilogram agrama çenli) bäsleşigiň bürünç medalyna eýe boldy.

Ýaryşlaryň ilkinji gününde 52 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Ýusup Ismailowyň russiýaly türgen bilen duşuşyp, kümüş medala mynasyp bolandygyny ýatlalyň.

Bäsdeşlige 10 döwletiň toparlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna türgenleriň 18-si wekilçilik etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň