Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly emin Çarymyrat Gurbanow AFK-nyň çempionlar ligasynyň oýnuna gatnaşmaga çakylyk aldy

12:1112.02.2018
0
7105

Türkmenistanly FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow AFK-nyň çempionlar ligasynyň toparçalaýyn oýnuna gatnaşmaga çakylyk aldy — diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Türkmen emini AFK-nyň Çempionlar ligasynyň “B” toparçasynyň çäginde geçirilýän “Lokomotiw” (Özbegistan) bilen “Al-Wahda” (BAE) toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ätiýaçdaky eminiň wezipesini ýerine ýetirer. Bu duşuşyk 12-nji fewralda Daşkent şäherinde geçiriler.

Bu duşuşykda ýaponiýaly FIFA-nyň emini Tojo Minoru eminlik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň