Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:2011.02.2018
0
4281

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, bu neşir giň okyjylar köpçüligine ýurdumyzyň şähergurluşygy ulgamynda täze taslamalary we meýilleri beýan edýär, taslama düzmek, inžener-gurluşyk tehnologiýalary, desgalaryň seýsmiki howpsuzlygy, tebigat dizaýny işleri boýunça meseleleri şöhlelendirýär.

Žurnalyň täze sany “Döwletimiziň baş maksady—halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak” atly baş temanyň esasynda düzülendir. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlaryny, durmuş maksatly desgalary, häzirki zaman düzümleri öz içine alýan paýtagtymyzyň täze binalary hakyndaky makalalar toplumy şeýle at bilen açylýar. Kottej görnüşli ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygy boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem ýakynda açylan ýurdumyzda ilkinji Golf-klub Aşgabadyň keşbine täze aýdyň öwüşgin çaýdy, bu barada çap edilen makalalarda gürrüň berilýär.

Žurnalyň sahypalarynda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz menziliniň gurluşygy baradaky makalalar ýerleşdirilendir, bu menzil tutuş sebitiň iri logistika merkezine öwrüler, şeýle hem neşirde ýurdumyzda häzirki zaman şäherçeleriň gurluşygy barada makalalar çap edilýär.

Şähergurluşyk ulgamynda esasy türkmen hünärmenleriniň we bilermenleriniň makalalarynda “Binagärlik döredijiliginde plagiat meseleleri”, pudakda howpsuzlyk tehnikasynyň we zähmeti goramagyň berjaý edilişi, ony kadalaşdyrmagyň ugurlary, innowasiýa häsiýetli gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini netijeli peýdalanmagyň aýratynlyklary ýaly möhüm temalar gozgalýar. Bu makalalar toplumynda şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň ýapon kärdeşleri bilen bilelikde işläp taýýarlan seýsmiki töwekgelçilige baha bermek boýunça halkara taslama baradaky habarlar okyjylara hödürlenilýär.

Şäher ýa oba bolsun, islendik ýaşaýyş künjegini bitewi binagärlik, ykdysady we durmuş gurluşy hökmünde emele getirmek mümkindir, elektroenergetika ulgamy bolsa onuň “gan aýlanyş damarydyr”. Ilatyň barha ösýän isleglerini üpjün etmek babatynda elektroenergetikanyň ösüşine bagyşlanan makala žurnalyň täze sanyny jemleýär.

Hünärmenlik pikirleriniň we bahalarynyň, ylmy-wagyz çemeleşmeler, bezegleriň, eskizleriň hem-de çyzgylaryň çeperçilik derejesiniň şeýle sazlaşygy “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň döredijilik toparyna mynasyp intellektual önümi döretmäge mümkinçilik berýär.

Ýöriteleşdirilen neşir konseptual pudaklaýyn maglumatlaryň gymmatly çeşmesi, ýurdumyzyň bazarynda ugurdaş kompaniýalaryň öz tekliplerini öňe sürmegi üçin meýdança, buýrujylara çözgütleri kabul etmekde ygtybarly kömekçi, inženerçilik taglymlarynyň, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň beýan edilýän ýeri bolup hyzmat edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň