Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

00:2306.02.2018
0
5270

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyryny açyp, ulanmaga bermek boýunça görlen taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, kiçi etrapçalardaky ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak, Jemagat hojalygy ministrligi bilen bilelikde şäherdäki suw çüwdürimleriniň we suw desgalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz etrap häkimleriniň iş tertibini kesgitlemek hem-de olaryň degişli meseleleri çözmegi, paýtagtymyzdaky ýollaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmegi üçin zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şäher baglaryna we güllere ideg edilişiniň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy, şanly senelere we “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna ýrkary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy we bellenilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz-meýdan işlerine taýýarlamak, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, Milli bahar baýramyna we köpçülikleýin bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri hem-de bellenilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalar barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda daýhan hojalyklaryna gök önümleri, ýer almany we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin ýer böleklerini bermek, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, kärendeçiler bilen alnyp barylýan işleriň usullaryny kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Döwlet Baştuanymyz Oba millii maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde welaýatyň Bäherden we Sarahs etraplarynda alnyp barylýan işleriň derejesiniň pesdigine ünsi çekdi we häkime maksatnama laýyklykda geçirilmeli işleri seljerip, bu ugurda bar bolan kemçilikleri tiz wagtda düzetmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz etraplaryň häkimleriniň raýatlaryň meseleleri bilen baglanyşykly wezipeleri öz wagtynda çözüp, galan wagt Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan gurluşyklara, daýhan birleşiklerinde ekinlere ideg edilişine gözegçiligi yzygiderli ýola goýmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda şuw, dökün we ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçilik meseleleriniň, oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesiniň üns merkezinde saklanmagynyň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Nowruz baýramyna taýýarlyk çäreleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli düzümler bilen alnyp barylýan işler, şeýle hem ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Häkim sebitiň ähli çäklerinde gyşky möwsümi talabalaýyk jemlemek ugrunda alnyp barylýan işler, dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň kada laýyk derejede bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, welaýatyň etraplarynyň daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň Türkmenbaşy, Gumdag, Etrek etraplarynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek işleriniň ýaramaz alnyp barylýandygyny, şoňa görä-de, bu ugurda bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýratyn belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda zerur taýýarlyk işleriniň görülmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra göniaragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda toplumlaýyn agrotehniki çäreleri durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleriň işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ak ekinlere degişli derejedäki idegi ýola goýmak boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Öňde boljak şanly senelere we ýaz meýdan işlerine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly magldumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň, olaryň agrotehniki kadalara laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişiniň öz wagtynda geçirilmegi ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň, aýratyn-da, ýerleriň we oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesiniň talaba laýyk bolmagyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň etraplarynyň häkimleriniň iş tertibi baradaky meselä degip geçmek bilen, olaryň bar bolan meseleleri bellenilen möhletlerde ýerine ýetirip, ýerlerde bolmagy, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan gurluşyklara, hojalyklara, daýhan birleşiklerine aýlanyp, alnyp barylýan işler, ekinlere ideg edilişi bilen tanşyp durmaklaryny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýer böleklerini bermek, kärendeçiler bilen degişli işleri alyp barmak, olaryň suw, dökün we tohumlar bilen üpjünçiligini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Kärendeçileriň öz borçlaryna pugta düşünip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etmelidikleri möhüm talap bolup durýar. 

Welaýatda Milli bahar baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyna ünsi çekip, Arkadag Prezidentimiz bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak, gowaça ekmegi meýilleşdiren kärendeçiler bilen degişli işleri alyp barmak hem-de olaryň üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada habar berdi. Hasabatyň dowamynda häkim welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, ýerleri we suwy rejeli peýdalanmak, şunlukda, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylygy ösdürmegiň öňdebaryjy hem-de ylmy usullaryny işjeň ornaşdyrmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, gurlup gutarylan binalaryň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyň dowaymynda daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky meselä degip geçmek bilen, welaýatyň Darganata, Farap, Saýat, Köýtendag etraplarynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işleriň depginleriniň pesdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Maksatnama laýyklykda, ýerineý etirilmeli işleri düýpdi seljerip, bu ugurda bar bolan kemçilikleri gyssagly düzetmegi talap etdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginde möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Amul--Hazar 2018” Halkara awtorallisine, “Beýik Ýüpek ýoly” ugry boýunça geçiriljek welosipedli ýörüşe we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek, Nowruz baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew öz gezeginde welaýatyň ähli çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak we öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilişiniň talabalaýyk bolmagynyň, ýaz-meýdan işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Şunlykda, daýhan hojalyklaryna gök önümleri, ýer almany we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin ýer böleklerini bermek, ekiş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak, ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, şeýle hem kärendeçiler bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz etraplaryň häkimleriniň adamlaryň arasynda köpräk bolmagy, ekerançylyk meýlandarynda alnyp barylýan ideg işleri, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp durmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, welaýatda gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, gurluşygy tamamlanan binalaryň açylyş dabarasyny guramak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmagy wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda welaýatyň Wekilbazar, Garagum, Türkmengala, Serhetabat etraplarynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň depginleriniň pesdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz maksatnama laýyklykda geçirilmeli işleri seljerip, bu ugurda bar bolan kemçilikleri gyssagly düzetmegi häkimden talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekill iş maslahatynyň ahyrynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelmelidigini belläp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň we milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň