"Dordoý" jogap duşuşygy üçin Türkmenistana geldi

23:5526.01.2018
0
3328

26-njy ýanwarda “Dordoý” topary 26 adamdan ybarat bolan wekiliýeti bilen AFK-nyň jogap oýnuny geçirmek üçin paýtagtymyza geldi. Gyrgyz toparynyň “Ahal” bilen jogap oýny 30-njy ýanwarda Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçiriler.

Myhmanlaryň topary Aşgabadyň howa menzilinden “Mizan” myhmanhanasyna ugrady, şol günüň agşamsy bolsa birinji türgenleşigini geçirdi. “Dordoý” topary paýtagtymyzda 28-nji ýanwara çenli bolar. Şondan soň awtobusda oýnuň geçirilýän ýeri bolan Balkanabat şäheriniň  10 müň tomaşaçylyk “Sport toplumy” stadionyna ugrar.

Ýeri gelende ýatlasak, AFK-nyň kubogynyň seçip-alyş tapgyrynyň birinji duşuşygy 23-nji ýanwarda Bişkek şäherinde geçirilipdi. Şonda “Ahal” 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Seçip-alyş tapgyrynyň ýeňijisiniň pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň wise-çempiony “Hojand” topary bilen duşuşýandygyny ýatladýarys.

Bu tapgyryň ýeňijisi bolsa toparçalaýyn bäsleşikde “Altyn Asyr” (Türkmenistan), “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) hem-de “Istiklol” (Täjigistan) toparlary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň