Soňky habarlar

Archive news

Kaka etrabynda döwrebap lukmançylyk toplumy açyldy

02:1428.12.2017
0
3599
Kaka etrabynda döwrebap lukmançylyk toplumy açyldy

27-nji dekabrda Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilen keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu ýere ýygnananlaryň öňünde Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, jemgyýetçilik saglygy goraýşyň ösüş derejesiniň ilatyň ýaşaýşynyň hiliniň, döwlet gurluşynyň nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridigini nygtady. Ulgamda döwletiň alyp barýan işini ynsanperwer ölçegler gymmatly many-mazmuny berýän baş alamatlar durýar. Ol bolsa “Il saglygy—ýurt baýlygy” diýen düşünje bilen kesgitlenilýär.

Taslamany Ahal welaýatynyň düýpli gurluşyk bölüminiň buýurmasy boýunça “Suhrab” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Hassahana 375 orna niýetlenip, onda Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary derejedäki ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

Hassahananyň 110 orunlyk esasy binasynda reanimasiýa, operasiýa, kabul ediş-anyklaýyş bölümleri bolup, barlaghanalary hem-de keselleriň öňüni almak boýunça 55 orunlyk bölümi özünde jemleýär. Şeýle hem naharhana we kir ýuwujy bölüm bar. Mundan başga-da, ýene-de iki gatly binalaryň üçüsi guruldy. Olarda çaga we beýleki bölümler, dolandyryş binasy ýerleşdirildi. Tehniki toplumlar: awtoduralga, transformator, kabel, galyndylary zyýansyzlandyrmak üçin desgalar guruldy. Hassahananyň durmuş üpjünçiligine niýetlenip, agyz suwy üçin uzynlygy 14 kilometr bolan suw geçirijişeýle hem uzynlygy 7,5 kilometr bolan elektrik geçiriji çekildi, zerur bolan inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlary bina edildi.

Keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumy Germaniýada, Şweýsariýada, Italiýada, Fransiýada, ABŞ-da öndürilen tehniki we lukmançylyk enjamlar hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen enjamlaşdyryldy.

Merkeziň çäklerinde gije-gündiz işleýän dermanhana hem açyldy. Täze hassahanada tiz lukmançylyk kömegi gullugynyň işi hem ýola goýuldy. Munuň üçin ýörite awtoulag satyn alyndy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň