Soňky habarlar

Arhiw

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin türkmen-rus hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda pikirlerini aýtdylar

19:1725.12.2017
0
8943

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly döwletleriň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň däbe öwrülen strategiki häsiýetini, şeýle hem ösüşe we rowaçlyga bolan ikitaraplaýyn islegi kanagatlanma bilen belläp, söhbetdeşler özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin geljekde hem mäkäm binýat bolup hyzmat etjekdigini bellediler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň eýe bolan hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny berkitmek we doly açmak barada pikirlerini beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň iri sebitleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklar türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üstünlikli ösmeginiň aýdyň nusgasy bolup durýar. Şol sebitleriň hatarynda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg we RF-nyň beýleki sebitleri bar. Russiýanyň kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işleri, şeýle hem Türkmenistanyň telekeçileriniň bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Russiýanyň Baştutanynyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşyna oňyn baha bermek bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni ulgamlary görkezdiler. Döwlet Baştutanlary häzirki wagtda dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryň gurallarynyň tutuş ulgamynyň döredilendigini bellediler. Şunda bilelikdäki işleriň täze görnüşlerini kesgitlemek babatda Hökümetara toparynyň möhüm orny bellenildi.

Özara gyzyklanma döredýän sebitiň we dünýäniň gün tertibiniň möhüm meselelerine aýratyn üns berildi. GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan üçin Arkalaşygyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek hemişelik Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen, daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki birnäçe halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň we Russiýanyň Dünýä syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler BMG-da we beýleki abraýly guramalarda öz netijeliligini subut eden birek-biregi goldamak tejribesini dowam etmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Russiýa tarapynyň biziň döwletimiziň netijeli başlangyçlaryny goldaýandygy, şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa awtordaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugrunyň möhümdigini belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek barada pikirlerini beýan etdiler. Munuň özi taryhy nukdaýnazardan emele gelen ruhy-medeni gatnaşyklar bilen şertlendirilendir. Mundan başga-da, söhbetdeşler bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklaryň berkidilmegine özara gyzyklanmany tassykladylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Baştutany russiýaly kärleşine Täze ýylda Russiýa Federasiýasynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik gazanmagy arzuw etdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin hoşlaşanlarynda, döwletara gatnaşyklaryna geljekde hem ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ruhunyň maksus boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege jan saglyk, we üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň