Archive news

ABŞ-niň işewürler topary türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirdiler

18:0313.12.2017
0
4137
ABŞ-niň işewürler topary türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we dürli pudaklardaky taslamalar däp bolan işewür gatnaşyklary köp ugurly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge ugur alan ýurdumyz öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iň oňat dünýä tejribeleriniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Işewür ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanmalaryny ýene-de bir gezek tassyklap, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ornuny belledi. Munuň özi halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň